HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

VR tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň jemgyýetine goşulyşmagy “Go Viral”-yň täze internet neşiriniň temasy boldy

Ýanwar 12, 2024 | 23:46 |6956
“Türkmen medeniýetinde VR tehnologiýalary: däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň simbiozy” “GoViral” taslamasynyň Instagram-daky täze neşiri şeýle atlandyryldy. “#GoBeyond” rubrikasynda bir ýazgy, türkmen jemgyýetiniň dürli pudaklarynda wirtual hakykat tehnologiýalarynyň ulanylyşy barada gürrüň edýär.“Türkmen medeniýetinde VR tehnologiýalary: däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň simbiozy” “GoViral” taslamasynyň Instagram-daky täze neşiri şeýle atlandyryldy. “#GoBeyond” rubrikasynda bir ýazgy, türkmen jemgyýetiniň dürli pudaklarynda wirtual hakykat tehnologiýalarynyň ulanylyşy barada gürrüň edýär.
Çeşme: "GoViral"-yň Türkmenistandaky ilçisi tarapyndan berlen

“Türkmen medeniýetinde VR tehnologiýalary: däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň simbiozy” “GoViral” taslamasynyň Instagram-daky täze neşiri şeýle atlandyryldy. “#GoBeyond” rubrikasynda bir ýazgy, türkmen jemgyýetiniň dürli pudaklarynda wirtual hakykat tehnologiýalarynyň ulanylyşy barada gürrüň edýär.

Şeýlelikde, neşir 4 bölüme bölünýär: “Oýunlar”, “Muzeýler”, “Söwda-senagat edarasyndaky sergiler” we “Bilim”. Birinji bölümde Türkmenistanyň söwda we dynç alyş merkezlerinde VR oýunlarynyň giňden ulanylmagy we elýeterli žanrlaryň dürlüligi beýan edilýär. “Muzeýler” bölüminde geçen ýylyň başynda başy başlanan taslama bolan - “Wirtual muzeý” jikme-jik öwrenilýär. Adyň özi aýdýar - onlaýn hyzmaty Türkmenistandaky muzeýlere uzakdan baryp görmäge mümkinçilik berýän platformadyr. Mundan başga-da, neşirde onlaýn ekspozisiýanyň başga bir görnüşi - türkmen paýtagtynyň Söwda-senagat edarasyndaky sergiler barada gürrüň berýär, bu bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary we jemgyýetçilik işleri barada bilimleri giňeltmäge mümkinçilik berýär. Neşiriň soňky “Bilim” bölüminde VR türkmen ýokary okuw mekdeplerine baryp görmek mümkinçiligi barada gürrüň edilýär. Mysal hökmünde ýurduň talyplarynyň gündelik durmuşyna göz aýlamaga we içerki ÝOM-ne seretmäge mümkinçilik berýän Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň platformasy berilýär.

Taslamanyň sosial ulgamlardaky Türkmenistan barada ilkinji neşir däldigini bellemelidiris. Mundan öň, “#GoCulture” rubrikasynda Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, toý däpleri, milli tagamlary we ş.m. hakda neşirler çap edilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026