HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mary welaýatyna saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe meselelere garady

Ýanwar 12, 2024 | 09:52 |6673
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, sebitde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere hem garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmeginiň wajypdygy bellenilip, halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijilige gol beren ýaşlar bilen duşuşyklarynyň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna üns çekildi. Şol bir wagtyň özünde, metbugat serişdelerinde, tele we radioýaýlymlarda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli habarlaryň taýýarlanylmagyna, özüne çekiji gepleşikleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026