HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisiniň dalaşgärligi tassyklamak üçin Senata iberildi

Ýanwar 12, 2024 | 02:28 |11381
ABŞ-nyň Senaty ABŞ-nyň Prezident administrasiýasynda dürli wezipelere bellenjek dalaşgärlere seredýär. 11-nji ýanwarda geçirilen brifingde sanalan dalaşgärleriň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürlenen Geňeşçi-ilçi synpyndaky diplomatik gullugynyň işgäri Elizabet Rud bar.ABŞ-nyň Senaty ABŞ-nyň Prezident administrasiýasynda dürli wezipelere bellenjek dalaşgärlere seredýär. 11-nji ýanwarda geçirilen brifingde sanalan dalaşgärleriň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürlenen Geňeşçi-ilçi synpyndaky diplomatik gullugynyň işgäri Elizabet Rud bar.
Çeşme: gettyimages.com

ABŞ-nyň Senaty ABŞ-nyň Prezident administrasiýasynda dürli wezipelere bellenjek dalaşgärlere seredýär. 11-nji ýanwarda geçirilen brifingde sanalan dalaşgärleriň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürlenen Geňeşçi-ilçi synpyndaky diplomatik gullugynyň işgäri Elizabet Rud bar.

Rud 2022-nji ýylyň awgust aýynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgär hökmünde bellendi, şonda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden öz administrasiýasyna ýolbaşçylyk etmek üçin birnäçe adamy bellemek niýetini yglan etdi.

Amerikan ilçileri Ak tamyň administrasiýasy tarapyndan bellenilýär we kandidaturalaryny ABŞ-nyň Senaty tassyklaýar.

1-1.jpg

Elizabet Rud häzirki wagtda ABŞ-nyň Russiýadaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekilidir. Ondan öň ol, ABŞ-nyň Harby kollejinde fakultet geňeşçisi, ABŞ-nyň Gruziýanyň Tbilisi şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde, köplenç işleriň wagtlaýyn ynanylan wekili hökmünde işledi.

Şeýle hem, ABŞ-nyň Owganystanyň paýtagty Kabuldaky ilçihanasynda Syýasy meseleler boýunça geňeşçi bolup işledi, Ýewropa we Ýewraziýa Býurosyndaky Kawkaz we sebit konfliktleri bölümine ýolbaşçylyk etdi, Pakistanyň Peşawar şäherindäki ABŞ-nyň Baş konsullygynyň Baş hünärmeni bolup zähmet çekdi, Döwlet departamentiniň Owganystanyň günorta-gündogaryndaky welaýat Dikeldiş toparynyň wekili, Nagorno-Garabag, Abhaziýa, Günorta Osetiýa we Pridnestrowýedäki konfliktler boýunça ABŞ-nyň ýörite gepleşikleri geçirijisiniň orunbasary wezipesinde hem işledi.

Elizabet Rud Merilend uniwersitetinde okap magistr we sungat ugrunda bakalawr derejesini alýar we fransuz, rus, nemes, puştun, dari we gruzin dillerinde gürleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026