HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“BP” Hazar deňziniň çuň suwlaryndan gaz gazyp alar

Ýanwar 12, 2024 | 01:17 |9092
Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasy şu ýyl Hazar deňziniň azerbaýjan bölegindäki “Azeri-Çyrag-Güneşli” (“AÇG”) uglewodorod blogynda çuň gatlakdaky ilkinji guýusyny gurar.Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasy şu ýyl Hazar deňziniň azerbaýjan bölegindäki “Azeri-Çyrag-Güneşli” (“AÇG”) uglewodorod blogynda çuň gatlakdaky ilkinji guýusyny gurar.
Çeşme: BP

Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasy şu ýyl Hazar deňziniň azerbaýjan bölegindäki “Azeri-Çyrag-Güneşli” (“AÇG”) uglewodorod blogynda çuň gatlakdaky ilkinji guýusyny gurar. Bu barada “BP-Azerbaijan” kompaniýasynyň jemgyýetçilik aragatnaşygy bölüminiň başlygy Tamam Baýatlynyň sözlerine salgylanyp, “Report” neşiri habar berýär.

Onuň sözlerine görä, “BP” korporasiýasy we onuň hyzmatdaşlary “AÇG” ýatak blogunyň häzirki wagtda işlenilýän nebit howdanlarynyň aşaky gatlaklarynda gaz gorlarynyň bardygyny anykladylar.

“Bar bolan maglumatlary anyklamaly, üstüni ýetirmeli we olara baha bermeli. Şu maksat bilen, 2023-nji ýylyň fewralynda baha beriş guýusyny üç aýlap burawladyk” diýip, Tamam Baýatly aýdýar.

Baýatly geçen ýylyň aprel aýynda buraw işleri tamamlanandan soň toplanan maglumatlary barlaghanda seljermek üçin iberilendigini belläp geçdi: “Garaşylyşy ýaly, gaz gorlarynyň bardygy tassyklandy. Şeýle-de bolsa, goşmaça maglumatlar we netijeler çynlakaý seljerilmäge degişli we bu proses dowam edýär”.

Habar berlişi ýaly, “AÇG” blogundaky çuň gatlaklarda gaz ätiýaçlyklaryny çykarmak üçin ilkinji guýyny burawlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda guýyny burawlamagy meýilnamalaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň habaryna görä, “AÇG” we “Şah Deňiz” ýataklary ulanyşa berleninden bäri, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bu ýataklardan 425,3 milliard kub metrden gowrak gaz öndürildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026