HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Abu-Dabide zibil ýygnamak boýunça çempionat geçirildi

Ýanwar 10, 2024 | 22:27 |21212
Abu-Dabi şäher häkimligi, “Meniň şäherim has owadan” başlangyjynyň çäklerinde BAE-niň paýtagtyndaky esasy dynç alyş merkezi bolan “Ýas-Beý” kenarynda zibil ýygnamak boýunça çempionat geçirdi.Abu-Dabi şäher häkimligi, “Meniň şäherim has owadan” başlangyjynyň çäklerinde BAE-niň paýtagtyndaky esasy dynç alyş merkezi bolan “Ýas-Beý” kenarynda zibil ýygnamak boýunça çempionat geçirdi.
Çeşme: gulftoday.ae

Abu-Dabi şäher häkimligi, “Meniň şäherim has owadan” başlangyjynyň çäklerinde BAE-niň paýtagtyndaky esasy dynç alyş merkezi bolan “Ýas-Beý” kenarynda zibil ýygnamak boýunça çempionat geçirdi.

Bu çäräniň maksady, jemgyýetiň agzalaryna daşky gurşawyň arassalygyny ýokarlandyrmak, şäheriň estetikasyny saklamak, ilatyň saglygyny goramak we durnukly ösüş talaplaryna laýyk gelmek üçin ylham bermekdi.

Daşky gurşaw dostlary jemgyýetiniň we Abu-Dabiniň polisiýa merkezi ýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guralan bu çempionata jemgyýetiň dürli gatlaklaryndan we dürli ýaşdaky adamlar gatnaşdy.

Şahsy, maşgalalar, guramalar we mümkinçiligi çäkli adamlar (maýyplar) ýaly kategoriýalara bölünen gatnaşyjylar, etraplardan we köçelerden gaýtadan ulanylýan galyndylary ýygnamak boýunça bäsleşdiler. 2-5 adamdan ybarat gatnaşyjy toparlara galyndylary ýygnamak, böleklere bölmek we belli ballara görä ölçemek üçin bir sagatlyk wagt berildi (esasan hem, çilim galyndylaryny ýygnaýjylar iň ýokary bal aldylar).

Abu-Dabi şäheri üçin geçirilen ilkinji çempionaty özüne, habarlylygy ýokarlandyrmak, jemgyýetçiligiň köp gatnaşygyny çekmek we daşky gurşaw we sosial maksatlara ýetmek bilen bagly bäsleşigini hem birleşdirdi.

Geçen dynç güni, Dubaýda däp bolan halkara marafon geçirildi, oňa dünýäniň saýlama türgenleri, dürli ýurtlardan müňlerçe höwesjeňler gatnaşdy.

Dubaýyň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Hamdan ben Muhammet ben Raşid Al Maktumyň Instagramda ýerleşdiren wideosynda Dubaý marafonyndan soň köçäni arassalandygy üçin dört sany çaga minnetdarlyk bildirdi we olaryň köçäni arassalaýan wideosyna teswir berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026