HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň daşary işler ministri ýurduň diplomatiýasynyň 2023-nji ýyldaky 5 esasy wakasyny beýan etdi

Ýanwar 10, 2024 | 17:46 |9707
Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ýurduň diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, geçen 2023-nji ýylyň bütin dowamynda birnäçe ajaýyp wakalaryň bolandygyny belledi.Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ýurduň diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, geçen 2023-nji ýylyň bütin dowamynda birnäçe ajaýyp wakalaryň bolandygyny belledi.
Çeşme: eadaily.com

Hytaýyň daşary işler ministri Wan I ýurduň diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, geçen 2023-nji ýylyň bütin dowamynda birnäçe ajaýyp wakalaryň bolandygyny belledi. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär.

2023-nji ýyldaky halkara ýagdaýlar we ýurduň diplomatiýasy barada eden çykyşynda Wan I geçen ýylda adamzadyň umumy ykbalyny özünde jemleýän jemgyýeti gurmakda möhüm öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy. Bu üstünlikler adamzat üçin ýagty geljegi döretmekdäki tagallalara täze itergi berdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy gazanylan üstünlikleriň hatarynda “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli forumyň, şeýle hem sebitde hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze meýdança bolan “Hytaý – Merkezi Aziýa” sammitiniň geçirilendigini görkezdi.

Geçen ýyl “BRICS” guraly (döwletara birleşme indi 10 ýurdy özünde jemleýär: Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany, Eýran, Müsür we Efiopiýa) taryhy taýdan giňeldi.

Wan I ýokardaky aýdylanlaryň Hytaýyň täzeçillik ugrundaky ägirt uly kuwwatlyklara eýelik edýändigini görkezýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026