HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katar Döwletinde futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geçiriler

Ýanwar 10, 2024 | 13:51 |17329
Şu ýylyň 12-nji ýanwary – 10-njy fewraly aralygynda Katar Döwletinde futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geçiriler. Oňa 24 ýurduň milli futbol ýygyndylary gatnaşarlar.Şu ýylyň 12-nji ýanwary – 10-njy fewraly aralygynda Katar Döwletinde futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geçiriler. Oňa 24 ýurduň milli futbol ýygyndylary gatnaşarlar.
Çeşme: news.sportbox.ru

Şu ýylyň 12-nji ýanwary – 10-njy fewraly aralygynda Katar Döwletinde futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar geçiriler. Oňa 24 ýurduň milli futbol ýygyndylary gatnaşarlar.

Has takygy, oňa Katar Döwleti, Hytaý, Täjigistan, Liwan, Özbegistan, Awstraliýa, Siriýa, Hindistan, Palestina, BAE, Gonkong, Ýaponiýa, Indoneziýa, Yrak, Wýetnam, Günorta Koreýa, Malaýziýa, Iordaniýa, Bahreýn, Saud Arabystany, Tailand, Gyrgyzystan we Oman döwletleriniň milli ýygyndylary gatnaşarlar.

2023-nji ýylyň maý aýynda geçirilen bije çekilşigiň netijesinde gatnaşyjylar alty topara bölündiler.

Oýunlar 2022-nji ýylda FIFA-nyň dünýä çempionatyny kabul eden sekiz stadionda, şol sanda alty arenada geçiriler.

Aziýa Futbol Konfederasiýasy janköýerlere amatly bolar ýaly, 18-nji Aziýa Kubogynyň açylyş oýnunyň Katar Döwletinde iş gün däl – anna güni, jemleýji oýnunyň hem dynç güni geçiriljekdigini mälim etdi.

Kubogyň toparlaýyn oýunlary – 12 – 25-nji ýanwar, sekizden bir oýunlary bolsa 28 – 31-nji ýanwar aralygynda geçiriler. Döretden bir duşuşyklary 2-3-nji fewralda, farym finalyň oýunlaryny hem 6-7-nji fewralda geçirmek bellendi. Kubogyň jemleýji final duşuşygy 10-njy fewralda geçiriler. Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýyldan bäri Kubogy almak boýunça 3-nji ýer üçin duşuşyklar geçirilmeýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026
«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

«Biznes gije näme satyn alýar: ALSAT-dan 5 garaşylmadyk fakt»

20:08 Sentýabr 16, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026