HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Taýger Wudsyň “Nike” bilen 27 ýyllyk hyzmatdaşlygy tamamlandy

Ýanwar 09, 2024 | 13:23 |7328
Amerikaly golfçy, “Meýjor” atly bäsleşigiň 15 gezek ýeňijisi Taýger Wuds “Nike” kompaniýasy bilen eden 27 ýyllyk hyzmatdaşlygy tamamlandy.Amerikaly golfçy, “Meýjor” atly bäsleşigiň 15 gezek ýeňijisi Taýger Wuds “Nike” kompaniýasy bilen eden 27 ýyllyk hyzmatdaşlygy tamamlandy.
Çeşme: rbc.ru

Amerikaly golfçy, “Meýjor” atly bäsleşigiň 15 gezek ýeňijisi Taýger Wuds “Nike” kompaniýasy bilen eden 27 ýyllyk hyzmatdaşlygy tamamlandy.

“27 ýyl ozal iň meşhur brendeleriň bir bölegi bolmak bagty maňa miýesser etdi. Şondan bäri geçen döwür ýatdan çykmajak pursatlardan we ýatlamalardan doly. Olaryň hemmesini gürrüň berjek bolsaň bütin ömrüňi sarp etmeli bolar” diýip, Wuds “Instagram” sahypasynda ýazýar. Onuň bellemegine görä, onuň durmuşynda täze tapgyr başlanýar.

“Nike” kompaniýasy jogap hatynda golf sporty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy we negatiw çaklamalara we düşündirişlere, golf institutynyň köne pikirleniş usullaryna garşy çykandygy üçin Taýger Wudsa minnetdarlyk bildirdi.

Köp sanly golf rekordlarynyň eýesi Taýger Wuds “Nike” bilen 1996-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýärdi. Kompaniýa bilen baglaşylan şertnama esasynda golf ussady 27 ýylda 460 million dollardan gowrak girdeji gazandy.

2022-nji ýylyň iýunynda “Forbes” žurnaly Wudsyň taryhda üçünji milliarder türgen bolandygyny ýazdy. Onuň girdejisiniň esasy bölegi “Rolex”, “Gatorade”, “Monster Energy”, “TaylorMade”, “Buick” we “Gillette” bilen baglaşylan mahabat şertnamalaryndan gelýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026