HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Samsung" kompaniýasy dünýäde ilkinji aňyrsy görünýän ekrany tanyşdyrdy

Ýanwar 08, 2024 | 17:22 |10015
"MicroLED" diýlip atlandyrylýan bu ekranyň aňyrsyndaky zatlar edil dury aýnadaky ýaly görünýär."MicroLED" diýlip atlandyrylýan bu ekranyň aňyrsyndaky zatlar edil dury aýnadaky ýaly görünýär.
Çeşme: overclockers.ru

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las-Wegas şäherinde geçiriljek "Consumer Electronics Show" atly dünýäniň iň iri hojalyk elektronika harytlary we maglumat tehnologiýalary sergisiniň öňüsyrasynda "Samsung Electronics" kompaniýasy dünýäde heniz deňi-taýy bolmadyk ekranyny tanyşdyrdy. "MicroLED" diýlip atlandyrylýan bu ekranyň aňyrsyndaky zatlar edil dury aýnadaky ýaly görünýär.

Aňyrsy görünýän ýagtylandyryş diodlaryndan ybarat bu ekranyň heniz tehniki aýratynlyklary aýan edilmeýär. Önümi öndürijiniň bellemegine görä, täze ekran tehnlogiýalar arkaly tomaşa etmek ugrunda täze öwrülişigi açmak bilen, dünýäniň ähli künjeginden sarp edijileriň ünsüni özüne çeker.

Bu edil hem-ä gyzykly filmi görkezýän, şol bir wagtda bolsa, aňyrsyndaky janly durmuşy synlamaga mümkinçilik berýän telewizor ekrany ýalydyr.

Mikroskopik derejedäki kiçi ýagtylandyryş diodlary arkaly ekran fiziki päsgelçiliksiz ähli görnüşleri aýdyň görkezip bilýär. Bu sanly mazmunyň hakyky durmuş bilen utgaşýan özboluşly aýnasydyr.

Kompaniýa şeýle hem "8K" durulygynda görkezýän dünýädäki ilkinji proýektoryny hem tanyşdyrar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026