HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

FIFA 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçylaryny mälim etdi: Ronaldu we Messi – sanawda

Ýanwar 04, 2024 | 17:36 |4813
Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Professional Futbolçylar Assosiasiýalary Federasiýasy (FIFPro) 2023-nji ýylyň simwoliki milli ýygyndysyna dalaşgärleriň sanawyny düzdüler.Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Professional Futbolçylar Assosiasiýalary Federasiýasy (FIFPro) 2023-nji ýylyň simwoliki milli ýygyndysyna dalaşgärleriň sanawyny düzdüler.
Çeşme: footboom1.com

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Professional Futbolçylar Assosiasiýalary Federasiýasy (FIFPro) 2023-nji ýylyň simwoliki milli ýygyndysyna dalaşgärleriň sanawyny düzdüler.

Gysga sanawda 23 oýunçy, şol sanda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu we Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi bar.

Sanaw düzülende 2022-nji ýylyň 19-njy dekabryndan 2023-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli geçirilen oýunlar hasaba alyndy. Simwoliki toparyň jemleýji düzümi 15-nji ýanwarda Londonda geçiriljek FIFA-nyň baýraklaryny gowşurmak dabarasynda yglan ediler.

Dalaşgärleriň doly sanawy:

Derwezeçiler: Tibo Kurtua (“Real Madrid”), Ederson (“Mançester Siti”), Emiliano Martinez (“Aston Willa”);

Goragçylar: Ruben Diaş, Jon Stounz, Kaýl Uoker (üçüsi-de “Mançester Sitide”), Wirjil wan Deýk (“Liwerpul”), Eder Militao, Antonio Rudiger (ikisi-de “Real Madridde”);

Ýarym goragçylar: Jud Bellingem, Luka Modriç, Federiko Walwerde (üçüsi-de “Real Madridde”), Kewin De Bruýn, Rodri, Bernardu Silwa (üçüsi-de “Mançester Sitide”), Ilkaý Gündogan (“Barselona”);

Hüjümçiler: Karim Benzema (“Al Ittihad”), Erling Holand (“Mançester Siti”), Harri Keýn (“Bawariýa”), Kilian Mbappe (“PSŽ”), Lionel Messi (“Inter Maýami”), Kriştianu Ronaldu (“Al-Nasr”), Winisius Žunior (“Real Madrid”).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026