HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwy geçirilýär

Ýanwar 02, 2024 | 18:53 |8429
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Hytaýda 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwyna badalga berildi.2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Hytaýda 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwyna badalga berildi.
Çeşme: eadaily.com

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Hytaýda 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwyna badalga berildi. Bu barada "Sinhua" habarlar agentligi Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet statistika gullugyna salgylanyp habar berdi.

Öňümizdäki dört aýyň dowamynda 2,1 milliona golaý meýletinçi ykdysady ýazuwy geçirmek üçin 1,16 million sany ilatly ýerde ykdysady maglumatlary ýygnamak we ýazga almak üçin kärhanalara hem-de ilatly ýerlere aýlanarlar.

Hytaýda her bäş ýyldan tutuş ýurt boýunça ykdysady ýazuwy geçirilýär. Onuň çäklerinde maglumatlar ýerlerde ýazgy edilip, olaryň hil derejesi deňeşdirilenden soň, köpçülige ýetirilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet statistika gullugynyň başlygy Kang Iniň bellemegine görä, 5-nji umumymilli ykdysady ýazuwynda hytaý ykdysadyýetiniň ikinji we üçünji pudaklarynyň ösüş derejesi, gurluşy we netijeliligi hemmetaraplaýyn öwreniler.

Ykdysady ýazuw Hytaýyň milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary aýdyňlaşdyryp, ýurduň esasy ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026