HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

52 ýyllyk hökümdarlykdan soň, Daniýanyň şa zenany tagtyny ogluna geçirýär

Ýanwar 01, 2024 | 21:33 |7555
Daniýanyň şa zenany Margaret II 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda tagtdan aýrylar. Bu barada Daniýanyň patyşalyk neberesiniň resmi web-saýty habar berýär.Daniýanyň şa zenany Margaret II 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda tagtdan aýrylar. Bu barada Daniýanyň patyşalyk neberesiniň resmi web-saýty habar berýär.
Çeşme: Global Look Press

Daniýanyň şa zenany Margaret II 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda tagtdan aýrylar. Bu barada Daniýanyň patyşalyk neberesiniň resmi web-saýty habar berýär.

“Şu ýylyň fewral aýynda arkama uly operasiýasyny geçirdim. Maňa ideg eden lukmanlaryň başarnyklary netijesinde, hemme zat üstünlikli boldy. Şeýle-de bolsa, operasiýa gelejek hakda oýlanmaga esas berdi - jogapkärçiligi indiki nesle geçirmegiň wagty geldi. 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda eziz kakamyň ornuna geçen pursadymdan 52 ýyl geçensoň, tagty oglum, şazada Frederikiň eline bererin" diýip, şa zenany mälim etdi.

Şa aýal häzirki wagtda 83 ýaşynda. Margaret II 1972-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda tagta çykdy. Şeýlelik bilen, onuň hökümdarlygy göni 52 ýyl dowam eder.

Mirasdüşer şazada Frederik 1968-nji ýylyň 26-njy maýynda dünýä indi. Ol 1993-nji ýylda Garward uniwersitetini (ABŞ) tamamlady we 1995-nji ýylda Orhus uniwersitetinden syýasy ylymlaryň doktory derejesini aldy. Tagtyň mirasdüşeri Daniýanyň goşunynda, deňiz güýçlerinde we howa güýçlerinde gulluk edip, ol ýaragly güýçleriň ähli bölümleriniň serkerdesidir. Birnäçe halkara baýraklaryň eýesi bolan mirasdüşer şazadanyň 4 çagasy bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026