HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Owganystan elektrik energiýasyny ibermek hakynda şertnama baglaşdylar

Ýanwar 01, 2024 | 16:16 |12351
"Da Owganystan Breşna Şerkat" (DABS) kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Breşna Şerkat Alhaj mulla Muhammad Hanif Hamzanyň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiň Türkmenistana bolan iki günlük iş saparynyň dowamynda ýurduň energetika ministri Annageldi Saparow we “Türkmenenergonyň” ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda 2024-nji ýyl üçin energiýa üpjünçilik şertnamasyna gol çekildi."Da Owganystan Breşna Şerkat" (DABS) kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Breşna Şerkat Alhaj mulla Muhammad Hanif Hamzanyň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiň Türkmenistana bolan iki günlük iş saparynyň dowamynda ýurduň energetika ministri Annageldi Saparow we “Türkmenenergonyň” ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda 2024-nji ýyl üçin energiýa üpjünçilik şertnamasyna gol çekildi.
Çeşme: gmic.gov.af

"Da Owganystan Breşna Şerkat" (DABS) kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Breşna Şerkat Alhaj mulla Muhammad Hanif Hamzanyň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiň Türkmenistana bolan iki günlük iş saparynyň dowamynda ýurduň energetika ministri Annageldi Saparow we “Türkmenenergonyň” ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Saparyň dowamynda 2024-nji ýyl üçin energiýa üpjünçilik şertnamasyna gol çekildi.

Bu şertnama laýyklykda dört ugra: Andhoý, Akina, Badgis we Turgundi-Gerat ugurlary boýunça 1.8 milliard kilowat sagat energiýa iberiler. Mundan başga-da, Şybyrgandan Argandaýa çenli uzaýan 500 kW elektrik geçirijiniň tamamlanjakdygy aýdyldy. Türkmenistandan has köp elektrik satyn almaga mümkinçilik berjek bu geçiriji ýaňy-ýakynda açyldy diýip, Owganystanyň hökümetiniň metbugat merkezi (GMIC) habar berýär.

Duşuşykda Gerat welaýatynda ýerleşýän “Nurul Jihad” podstansiýasynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslama üçin şertnama "Breşna" bilen "Türkmenenergo" komapniýalarynyň arasynda gol çekildi.

Owgan tarapy hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026