HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sankt-Peterburgda GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär

Dekabr 26, 2023 | 16:35 |10022
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen Täze ýylyň öňüsyrasynda Sankt-Peterburg şäherinde GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär.Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen Täze ýylyň öňüsyrasynda Sankt-Peterburg şäherinde GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär.
Çeşme: 78.ru

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy bilen Täze ýylyň öňüsyrasynda Sankt-Peterburg şäherinde GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirilýär.

Sammitiň öňüsyrasynda Russiýanyň Prezidenti ilki bilen Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan kärdeşlerini Sankt-Peterburgyň köşk we seýilgäh toplumlaryna gezelenç etmäge çagyrdy. Bu barada “TASS” habarlar agentligi mälim edýär.

Sişenbe güni öýlän Arkalaşygyň döwlet Baştutanlary “Pawlowsk” muzeý-goraghanasyna geldiler. Olaryň “Sarskoýe Selo” we “Petergofa” hem baryp görmeklerine garaşylýar.

Köşkdäki gezelençden soň, onuň zallarynyň birinde Prezidentler üçin kiçiräk konsert guraldy: “Demirgazyk simfoniýasy” orkestri we solistleri birnäçe nusgawy wals we romanslary ýerine ýetirdiler. Çäräni Russiýanyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý alyp bardy.

GDA-nyň resmi däl sammiti Strelnadaky “Konstantinowskiý” köşgünde geçiriler. Onuň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň “Sarkoýe Selo” köşgüne we “Petergofa” gezelenç edenlerinden soň geçiriljekdigi habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026