HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Sankt-Peterburga bardy

Dekabr 26, 2023 | 12:31 |9435
Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly ýurdumyz GDA giňişligindäki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň Sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

2024-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmek Gyrgyzystandan Russiýa geçiriler. Russiýanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginde geljek ýylda 150 töweregi çäräniň gecirilmegi meýilleşdirilýär. Russiýanyň paýtagtynda geljek ýylyň 8-nji oktýabrynda geçiriljek indiki sammit onuň esasy çäresi bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026