HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatyň Başlygy türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlady

Dekabr 25, 2023 | 22:17 |10723
“Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş – nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris” dýlip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl mynasybetli ähli türkmenistanlylara ýollan gutlag hatynda nygtalýar.“Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş – nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris” dýlip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl mynasybetli ähli türkmenistanlylara ýollan gutlag hatynda nygtalýar.
Çeşme: orient.tm

“Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş – nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris” dýlip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl mynasybetli ähli türkmenistanlylara ýollan gutlag hatynda nygtalýar.

“Ýaşulularyň göreldesi – ýaşlaryň ýörelgesi. Nesilleriň dowamaty – döwürleriň baglanyşygy. Biziň başlan asylly işlerimizi ýaşlarymyzyň üstünlikli dowam etdirýändigi örän guwandyrýar. Bu ýyl bütin halkymyz bilen agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy” diýlip hatda bellenýär.

“Iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Munuň özi tutuş döwrümiziň ajaýyp wakasydyr. Taryhyň altyn sahypasydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň oý-pikirleri, ukyp-başarnyklary giňden ulanyldy. Olaryň «akylly» şäheriň ähli desgalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça tutanýerli zähmet çekendiklerini buýsanç bilen belläsim gelýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

“Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet berler. Ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän önümçilikler ýola goýlar. Bu önümleri dünýä bazarlaryna-da eksporta ugradarys. Şeýle hem, müňlerçe adamy iş bilen üpjün ederis. Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täze şäherde birnäçe bilim ojaklary açylyp, ulanmaga berildi. Gurluşyklaryň ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de bir döwrebap bilim ojagyny, ýagny Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurarys. Şeýle-de, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryny bina ederis. Ylmy ekerançylygy, maldarçylygy, ýüpekçiligi, umuman, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önümçiligi alyp bararys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtaýar.

Halk Maslahatyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ýaşlarymyz hem her bir işde ýaşuly nesle sala salýarlar, geňeşýärler. Biz mundan beýlägem ýaşlaryň armasyny ýetirip, olary uly geljege ugrukdyrmakda asylly işleri dowam ederis.

“Balyk – halyk” diýlişi ýaly, Täze ýylda-da size berk jan saglygyny, her bir maşgala ojagyna abadançylygy, egsilmez bagtyýarlygy arzuw edýärin! Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin! Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026