HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar

Dekabr 06, 2023 | 17:58 |9530
Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen ýeňillikli karzy özleşdirmek arkaly durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, iň bir häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmeklige ukyply tehnologiýalary gurnamak işleri hem alnyp barylýar.Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen ýeňillikli karzy özleşdirmek arkaly durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, iň bir häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmeklige ukyply tehnologiýalary gurnamak işleri hem alnyp barylýar.
Çeşme: specified.ru

Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen ýeňillikli karzy özleşdirmek arkaly durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, iň bir häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmeklige ukyply tehnologiýalary gurnamak işleri hem alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ paýtagtymyz, ak mermerli Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we edara-kärhanalaryna häzirki zaman GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasyny ulanmak bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny ýokary hil derejede amala aşyrmagyny dowam edýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň günortasyndaky nebit-gaz pudagynyň ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 20 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň 1 536 öýleriniň her birine GPON tehnologiýasyny ulanmak bilen optiki-süýümli kabelleri çekildi.

Mundan öň, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň öz serişdeleriniň hasabyn paýtagtymyzyň 11-nji kiçi etrapçasynda, Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky kottedž jaýlarynda, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen Gurbansoltan eje şaýolundan Oguzhan suw çüwdürimler toplumynyň aralygynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynda, 7/3-nji kiçi etrapçasynda, Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriň aralygynda (16-njy tapgyr), Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesiniň ugrundaky 4 gatly ýaşaýyş toplumynda, Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan binalar toplumynda, Taslama köçesiniň ugrundaky köp gatly ýaşaýyş jaýlardaky öýlere we olaryň aşaky gatlaryndaky işewür ofislere umumy göwrümi 17 941 nokat bolan GPON tehnologiýaly ulgamlar häzirki wagtda üstünlikli işledilýär.

Maglumatlary geçirmek üçin ulag gurşawy hökmünde optiki süýümi kabelleri hemmetaraplaýyn ulanmak häzirki wagtda iň amatly usul bolup, müşderiler tarapyndan göwrüme we ýokary maglumat geçiriş tizligine barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Müşderilere telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryny amala aşyrmakda GPON tehnologiýasynyň ulanylmagy her bir öýe sekuntda 100 megabit tizlikli Internet hyzmatyny hödür etmelige tehniki taýdan mümkinçilik döredýär, bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

GPON, ýagny passiw, aragatnaşyk beketlerinden müşderiniň öýüne barýan ugrunda sandan çykmagy bilen tehniki bökdençlik döredip biljek hiç-hili goşmaça elektrik iýmitlendiriş çeşmeleri bolmadyk optiki ulgamlary gurmak «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan gelejekde şäher içi paýlaýyş aragatnaşyk torlaryny gurmagyň ileri tutulýan tilsimatlarynyň birine öwrüldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026