HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Winter Cup 2023» atly intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar

Noýabr 28, 2023 | 13:15 |9308
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, isleg bildirýän toparlary 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçiriljek «Winter Cup 2023» atly intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, isleg bildirýän toparlary 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçiriljek «Winter Cup 2023» atly intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.
Çeşme: ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, isleg bildirýän toparlary 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçiriljek «Winter Cup 2023» atly intellektual ýaryşa gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşige diňe öňünden hasaba alnan toparlar gatnaşyp bilerler!

Hasaba alynmak üçin dekabr aýynyň 7-ne, sagat 18:00-a çenli onlaýn formany doldurmaly.

Bäsleşige gatnaşmak tölegsiz! Ýerler çäklidir!

Ýaryşda toparlar 24 soragda (hersi 12 soragdan ybarat iki tapgyrda) biri-biri bilen bäsleşer, netijelerine görä iň gowy 2 topar finala çykar we şol ýerde ýaryşyň çempiony bolmak ugrunda bäsleşerler. Galan toparlar 3-nji ýer we ondan soňky ýerler ugrundaky göreşde soňky soraglarda oýnamagyny dowam etdirerler. Finalda oýun 6 utuga çenli dowam eder.

Bu çäre, Adam hukuklary gününe we Adam hukuklarynyň Ähliumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanýar. Bäsleşik türkmen we rus dillerinde geçiriler. Ýaş çäklendirmeleri ýok. Her topar sekiz adamdan ybarat bolmaly: 6 sany esasy oýunçy we 2 sany ätiýaçdaky oýunçylar.

Ýaryşyň başlanýan wagty: 2023-nji ýylyň 10-njy dekabry, sagat 13:00-da (hasaba alnyşyk 12:00-da başlaýar).

Geçiriljek ýeri: «Angar» resto-kluby Salgysy: Arçabil şaýoly 41 («ABM» biznes-merkezi).

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026