HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

PREP4SUCCESS maksatnamasy ýazky okuwlaryna resminamalary kabul edýär

Noýabr 28, 2023 | 10:20 |6459
Amerikan Geňeşleriniň Türkmenistandaky ofisi Türkmenistanyň höwesjen we ýaş raýatlary üçin ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine üstünlikli girmek üçin zerur bilim we ukyplary bilen üpjün edýär we gatnaşyjylaryň bäsleşik ukuplaryny kämilleşdirýär.Amerikan Geňeşleriniň Türkmenistandaky ofisi Türkmenistanyň höwesjen we ýaş raýatlary üçin ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine üstünlikli girmek üçin zerur bilim we ukyplary bilen üpjün edýär we gatnaşyjylaryň bäsleşik ukuplaryny kämilleşdirýär.
Çeşme: operationmade.com

Amerikan Geňeşleriniň Türkmenistandaky ofisi Türkmenistanyň höwesjen we ýaş raýatlary üçin ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine üstünlikli girmek üçin zerur bilim we ukyplary bilen üpjün edýär we gatnaşyjylaryň bäsleşik ukuplaryny kämilleşdirýär. Maksatnama gatnaşyjylar TOEFL we SAT testlerine, Akademiki ýazuw we okuw sapaklaryna üns berip, ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek üçin zerur bolan ukyplara eýe bolýarlar. 18 hepdelik ýokary depginli taýýarlyk kursy Amerikan Geňeşleriniň Aşgabatdaky ofisinde geçirilýär.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:
1) Orta mekdebi tamamlan;
2) Bakalawr derejesini almadyk;
3) Türkmenistanyň we daşary ýurduň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýärler);
4) Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
5) ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
6) 18 hepdelik ýokary depginli kurslaryna gatnaşmaga höwesli;

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar elektron poçta arkaly ugradylmaly.
• Doldurylan Prep4Success maksatnamasynyň anketasy PDF formatda (forma berkidilen);
• Orta mekdep okuw ýetişigi (attestat) ;
• Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir Hödürnama haty;
• Rezýume;
• Türkmenistanyň içerki pasportynyň nusgasy.

Ähli resminamalar associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 25-ne sagat 17:00-a çenli ugradylmaly.

Doly maglumat almak üçin 36 90 16 (goş.113) belgi we associatep4s@americancouncilstm.org arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026