Türkmenistanyň Maliýe ministrligi innowasiýa ösüşi boýunça ylmy-amaly konferensiýa guraýar


«Senagat-innowasiýa modeli - ýurduň esasy strategiki ugry» atly ylmy-amaly konferensiýa 21-nji sentýabrda geçiriler. Forum Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralar. Oňa gatnaşmak üçin dürli ministrlikleriň we pudak gurluşlarynyň, bank ulgamynyň we ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri çagyrylýar.
Konferensiýanyň gün tertibi Türkmenistanyň ykdysadyýetini guramak ulgamy hökmünde senagat-innowasiýa modeliniň emele gelmegi, maliýe, salgyt, pul we maýa goýum syýasatlaryny ösdürmek, zähmet gatnaşyklary, durnukly ösüşi gaanmak üçin sanlylaşdyrmagy we innowasiýalary ösdürmek ýaly meseleleri öz içine alar.
Türkmen hökümetiniň şenbe güni geçirilen mejlisinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow konferensiýa görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi diýip, «Türkmenistan bu gün» ýazýar.
ORIENT news








