HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Oktýabr 17, 2026 | 16:05 |111
16-njy oktýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky netijeli ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde institutyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň 2026-njy ýyl üçin Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli aýdym-sazly dabara guraldy16-njy oktýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky netijeli ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde institutyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň 2026-njy ýyl üçin Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli aýdym-sazly dabara guraldy
Çeşme: orient.tm

16-njy oktýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky netijeli ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň aýdyň ykrarnamasy hökmünde institutyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň 2026-njy ýyl üçin Hormat haty bilen sylaglanmagy mynasybetli aýdym-sazly dabara guraldy.

Japan ambassador

Dabaraly çärede edilen çykyşlarda taraplar iki ýurduň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň uly üstünliklere beslenýändigini nygtap, bu Hormat hatynyň geljekde has-da uly maksatlara ýetmäge ruhlandyrýan jogapkärli borçdugyny bellediler.

Japan ambassador and rector institute

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn hem-de «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Hormat haty

Aýratyn-da, bilim ulgamynda, ýapon dilini çuňňur öwretmekde, mugallymlaryň we talyplaryň араsynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmekde ham-da iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda medeni köprüleri gurmakda alnyp barylýan giň gerimli işler bu gün öz oňyn netijelerini berýär.

Japan ambassador and rector institute 2

Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmekde we ussat dilçi mugallymlary taýýarlamakda esasy orun eýeleýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýokary sylagyna eýe bolmagy professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlarynyň yhlasly zähmetine berlen mynasyp bahadyr.

1

Dabaranyň medeni maksatnamasy özara sazlaşygyny dabaralandyrýan aýratyn mazmunly häsiýete eýe boldy.

2

3

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026