«Belawiýa» kompaniýasy öňünden sargyt etmegiň täze ulgamyna geçenden soňra hyzmatlaryň işini täzeden ýola goýýar


«Belawiýa» blarus awiakompaniýasy hyzmatlaryň işini tapgyrlaýyn esasda täzeden ýola goýýar we petekleri öňünden sargyt etmegiň täze «Leonarda» ulgamyna geçmegi sebäpli ozal elýeter bolmadyk birnäçe hyzmatlary täzeden hödürlemäge başlady. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda (https://belavia.by/novosti/4890647/)** habar berilýär.
Häzirki wagtda şu hyzmatlar ýol goýuldy:
— Petekleri satyn almak. Olary «Belawiýa» saýtynda, kompaniýanyň ofislerinde hem-de wekilhanalarynda, şeýle hem agentlerinden satyn alyp bolar;
— Petekleri satmak boýunça ofisleriň üsti bilen, wekilhanalarda hem-de agentlerde uçuşlaryň senesini üýtgetmek;
— Satyn alnan petegi yzyna gaýtarmak (petegi satyn alnan ýerinde yzyna gaýtarmak);
— Goşmaça hyzmatlary almak (aýratyn ähmiýetli ýükleri ýanyň bilen geçirmek; çagalaryň ýeke özüni gatnatmak; haýwanlary gatnatmak häzirlikçe «Belawiýanyň» petek satýan ofislerinde, wekilhanalarynda, şeýle hem agentlerinde oflan görnüşinde elýeterlidir). Goşmaça ýüki geçirmek hyzmatyny bolsa «Belawiýa» saýtynda resmileşdirmek mümkin.
Şu hyzmatlar bolsa häzirlikçe elýeterli däldir:
— Onlaýn bellige almak;
— Uçaryň salonynda ýer satyn almak;
— «РАСЧЕТ» töleg ulgamynyň kömegi bilen hyzmatlary satyn almak;
— Mobil goşundy;
— «Белавиа Лидер» programmasynyň hyzmatlary: şahsy otag, premium derejli petekleri satyn almak, ýokary derejeli ýolagçylar üçin uçaryň salonynda ýeri saýlap almak.
Häzirki wagtda «Belawiýa» kompaniýasy hepdede iki gezek – sişenbe we şenbe günlerinde Minsk – Türkmenbaşy – Minsk ugry boýunça uçuşlary amala aşyrýar.
Habarlaşmak üçin telefon: 95-01-63
«Belawiýanyň» Türkmenistandaky ofisiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitaraplyk şaýoly (ozalky Podwoýskiý köçesi), «Elektronika dünýäsi» binasy. Giriş binanyň arka ýüzünden. Elektronika dünýäsi
ORIENT news








