HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin tagallalary dowam etdirer

Sentýabr 05, 2023 | 09:34 |5136
“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Onda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Onda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: daryo.uz

“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Onda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “TOLO” habarlar agentligi mälim edýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar taslamany doly durmuşa geçirmek boýunça tagallalary etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Owganystanyň ministri Kabul tarapynyň Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa gaz geçiriji taslamany geçirmek boýunça tagallalary dowam etdirjekdigini belledi.

Kompaniýanyň Baş direktory geçen ýylyň sentýabr aýynda hem şeýle duşuşygy geçiripdi. Şonda Owganystanyň Hökümeti gaz geçiriji taslamany doly goldaýandygyny mälim edipdi.

Häzirki wagta çenli “TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýa türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserni, owgan tarapyndan Owganystanyň Gaz korporasiýasy, pakistan tarapyndan “Inter State Gas Systems (Private) Limited” kompaniýasy we hindi tarapyndan hem GAIL kompaniýasy esaslandyryjylar bolup çykyş edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026