HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan Hazar sebitiniň iri ulag merkezine öwrülmegini goldaýar

Awgust 12, 2023 | 23:51 |8863
– Hazar deňzi bizi birleşdirýän örän gymmatly çeşme bolan parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzidir. Baku biziň ýurtlarymyzyň Hazardaky özara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär -diýip, 12-nji awgustdaAwazada Hazar meseleleri boýunça geçirilen halkara maslahatda çykyş etmek üçin çagyrylan  Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nariman Orujaliýew aýtdy.– Hazar deňzi bizi birleşdirýän örän gymmatly çeşme bolan parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzidir. Baku biziň ýurtlarymyzyň Hazardaky özara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär -diýip, 12-nji awgustdaAwazada Hazar meseleleri boýunça geçirilen halkara maslahatda çykyş etmek üçin çagyrylan  Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nariman Orujaliýew aýtdy.
Çeşme: orient.tm

– Hazar deňzi bizi birleşdirýän örän gymmatly çeşme bolan parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzidir. Baku biziň ýurtlarymyzyň Hazardaky özara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär -diýip, 12-nji awgustdaAwazada Hazar meseleleri boýunça geçirilen halkara maslahatda çykyş etmek üçin çagyrylan Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Nariman Orujaliýew aýtdy.

Onuň pikiriçe, hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk Hazar deňzinde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýar.

Diplomat Hazar deňziniň köpsanly halkara we sebit taslamalarynyň bir bölegidigini belledi. Hazarýaka döwletleriň arasynda ulag pudagynda baglaşylan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalar sebiti ösen infrastrukturasy bolan esasy halkara ulag merkezine öwürmek üçin oňat esas döredýär.

“Häzirki wagtda Azerbaýjan Ýewraziýanyň möhüm ulag we logistika merkezlerinden biridir. Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgeleriniň ösmeginde biziň ýurdumyz möhüm rol oýnaýar – diýip, Orujaliýew Azerbaýjandan Türkiýä we Ýewropa goşmaça ugur boljak Zangezur geçelgesi boýunça respublikada alnyp barylýan işjeň işler barada habar beridi. Onuň aýtmagyna görä, Azerbaýjanyň çäginde bu taslama boýunça gurluşyk işleriniň takmynan 70%-i tamamlandy.

1.jpeg

Diplomat: "Şeýlelik bilen, diňe bir Baku-Tbilisi-Kars ugry däl, Zangezur geçelgesi hem Azerbaýjanyň üstünden geçer" – diýip, diplomat nygtady.

“Biz Azerbaýjanyň çäginden Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça ýük daşamanyň ýylaşa köpelýändigini görýäris. Alyat täze halkara deňiz söwda portunyň üstünden geçýän üstaşyr ýükleriň mukdary artýar. Bu portuň gurulmagy we ulanyşa berilmegi Azerbaýjanyň Hazar deňzinde ulag we logistika infrastrukturasynyň ösmegine goşan möhüm goşandy boldy" - diýip, Nariman Orujaliýew sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026