HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň garamagyndaky orta hünär okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul edişlik gyzgalaňly dowam edýär

Awgust 11, 2023 | 10:30 |7401
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde we Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişlik dowam edýär. Okuwa kabul edişlik 2023-nji ýylyň 21-nji awgusta çenli amala aşyrylar. Ýaş raýatlarymyzy talyplyga dalaşgär bolmak üçin aşakdaky hünärler boýunça çagyrýarys:“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde we Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişlik dowam edýär. Okuwa kabul edişlik 2023-nji ýylyň 21-nji awgusta çenli amala aşyrylar. Ýaş raýatlarymyzy talyplyga dalaşgär bolmak üçin aşakdaky hünärler boýunça çagyrýarys:
Çeşme: “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde we Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edişlik dowam edýär. Okuwa kabul edişlik 2023-nji ýylyň 21-nji awgusta çenli amala aşyrylar. Ýaş raýatlarymyzy talyplyga dalaşgär bolmak üçin aşakdaky hünärler boýunça çagyrýarys:

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň hünärleri: — Gämi sürüjilik
— Gämi energetiki gurluşlarynyň ulanylşy
— Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi
— Gämi gurluşygy we abatlaýyş
— Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
— Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
— Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy
— Tehnologik prosessleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy
— Logistikada operasion işi
— Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak
— Töwerekleýin gurşap alýan tebigaty gorap, abadanlaşdyrmak. Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hünärleri:

— Gämi gurluşygy
— Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça)
— Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy
— Gidromeliorasiýa
— Maglumaty goramagyň tehnologiýasy we ony guramak
— Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary
— Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi
— Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek
— Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
— Logistikada operasion işi
— Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak
— Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary
— Senagat we raýat jaý gurluşygy.

Orta hünär okuw mekdeplerine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwyň möhleti hünärlere görä degişlilikde 2 ýyl ýa-da, 2,5 ýyl bolup, okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.

Kabul edlýän resmi iş kagyzlarynyň sanawy: bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; bellenen nusgadaky sowalnama (anketa); umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy we göçürmesi; Türkmenistanyyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy; soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 3х4 möçberindäki 8 sany fotosurat; Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; Şahsy pasportynyň göçürmesi; Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny; harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty.

Habarlaşmak üçin belgiler:

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi:
Tel: 4-75-15; 4-77-78; 4-77-79.
Email: dohom@sanly.tm

Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi:
Tel: +993(422)74452
Email: deryachylyk_14@sanly.tm

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026