HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň kompaniýalarynda iş tejribesini geçip bilerler

Awgust 11, 2023 | 09:29 |6129
Ýewropa täzeleniş we ösüş banky ýurdumyzyň kiçi we orta işewürlik kärhanalarynda iş tejribesini geçmek üçin ýaş hünärmenleri kabul etmäge başlady.Ýewropa täzeleniş we ösüş banky ýurdumyzyň kiçi we orta işewürlik kärhanalarynda iş tejribesini geçmek üçin ýaş hünärmenleri kabul etmäge başlady.
Çeşme: Instagram.com/ish_nokady

Ýewropa täzeleniş we ösüş banky ýurdumyzyň kiçi we orta işewürlik kärhanalarynda iş tejribesini geçmek üçin ýaş hünärmenleri kabul etmäge başlady.

Bu başlangyç «Türkmenistanyň ykdysadyýetçiler birleşigi» Milli jemgyýetçilik birleşigi hem-de «Arassa Nusga» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdepleriniň üçünji we dördünji ýyl talyplary, şeýle hem 25 ýaşa çenli uçurymlar hususy türkmen kompaniýalarynda iki aýlyk iş tejribsini geçip bilerler.

Dalaşgärleri saýlap almak bäsleşik esasynda geçiriler. Saýlanyp alnan dalaşgärler kompaniýalaryň birine ugradylmazdan ozal taýýarlyk okuwyny geçerler.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama ýaşlary iş bilen üpjün etmäge, şeýle hem kompaniýalara ýaşlaryň arasyndan işgär saýlap almakda ýardam bermäge gönükdirilendir. Maksatnama 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda herekete giriziler.

Bu maksatnama gatnaşmak üçin 31-nji awgusta çenli degişli görnüşdäki resminamany doldurmak zerurdyr.

Resminama türkmen dilinde.

Resminama rus dilinde.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026