HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada Merkezi Aziýada iň iri tehnologik forum geçiriler

Awgust 10, 2023 | 21:10 |2474
12-13-nji oktýabrda Astana şäherinde Merkezi Aziýada iň iri DigitalBridge 2023 atly tehnologik forum geçiriler.12-13-nji oktýabrda Astana şäherinde Merkezi Aziýada iň iri DigitalBridge 2023 atly tehnologik forum geçiriler.
Çeşme: mriya.news

12-13-nji oktýabrda Astana şäherinde Merkezi Aziýada iň iri DigitalBridge 2023 atly tehnologik forum geçiriler.

Çärä dünýä belli IT kompaniýalarynyň wekillerini, tutuş sebitden bilermenleri, maýadarlary we işewürleri emeli intellektiň häzirki döwürde eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin çagyryldy. Ýubileý forumyň maksatnamasyna (ol eýýäm bäşinji gezek geçirilýär) Gazagystanyň Prezidentiniň gatnaşmagyndaky umumy mejlis, 30-dan gowrak panel sessiýalar, Google korporasiýasynyň guramagyndaky çäreler girizildi.

Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministri Bagdat Musin şu gezekki duşuşygyň pudagyň hünärmenlerine we bilermenlerine emeli intellekt babatda tejribe paýlaşmak üçin mümkinçilik döretjekdigini belledi.

Forumyň jemleýji bölüminde iň gowy startaplara hem-de taslamalara, şeýle hem tapawutlanan telekeçilere DigitalBridgeAwards halkara baýragyny gowşurmak dabarasy bolar.

Foruma gatnaşyjylara startap Alleýada özleriniň ylmy we tehnologik işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrmak teklip ediler. IT-startaplar bolsa baýrak gaznasy dört esse ýokary bolan AstanaHubBattle-de birinjlilik ugrunda ýaryşarlar.

Maksatnamasyna mowzuklaýyn sergiler hem-de IT kompaniýalaryň boş iş orunlary ýarmarkasy girizilen DigitalBridge 2023 forumyna gatnaşmak üçin 20-nji sentýabra çenli digitalbridge.kz saýtyna ýüz tutmak gerek. Eminler topary jemleýji tapgyra geçjek on sany startapy saýlap alarlar.

DigitalBridge halkara tehnologiýa forumy Astanada 2018-nji ýyldan bäri geçirilýär. Ony Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi hem-de AstanaHub tehnoparky guraýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026