HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen eksportyny ösdürmek üçin täze media platformasy işe girizilýär

Awgust 10, 2023 | 12:49 |27206
Awgust aýyndan başlap, eksporty ösdürmek üçin ýörite media platformasyny işe girizýäris - bu media platforma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslama bolup, ol önümiň hilini ýokarlandyrmak, standartlaryna laýyk gelmek, marketing, dünýä bazarlaryna girmek üçin bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmak, şeýle hem bu prosesleriň maglumat we metbugat goldawy ýaly meseleleri öz içine alýan eksport ekoulgamynyň ösüşi barada maglumat bermek arkaly türkmen hususy telekeçilere goldaw bermegi maksat edinýär.Awgust aýyndan başlap, eksporty ösdürmek üçin ýörite media platformasyny işe girizýäris - bu media platforma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslama bolup, ol önümiň hilini ýokarlandyrmak, standartlaryna laýyk gelmek, marketing, dünýä bazarlaryna girmek üçin bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmak, şeýle hem bu prosesleriň maglumat we metbugat goldawy ýaly meseleleri öz içine alýan eksport ekoulgamynyň ösüşi barada maglumat bermek arkaly türkmen hususy telekeçilere goldaw bermegi maksat edinýär.
Çeşme: orient.tm

Awgust aýyndan başlap, eksporty ösdürmek üçin ýörite media platformasyny işe girizýäris - bu media platforma Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslama bolup, ol önümiň hilini ýokarlandyrmak, standartlaryna laýyk gelmek, marketing, dünýä bazarlaryna girmek üçin bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmak, şeýle hem bu prosesleriň maglumat we metbugat goldawy ýaly meseleleri öz içine alýan eksport ekoulgamynyň ösüşi barada maglumat bermek arkaly türkmen hususy telekeçilere goldaw bermegi maksat edinýär.

"Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly täze rubrikada wideolar, şol sanda eksport kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýa-da jogapkär hünärmenleri bilen geçirilen, ýurtlaryň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmäge ünsi çekýän Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri bilen geçirilen söhbetdeşlikler-wideolary yzygiderli çykar.

Munuň bilen birlikde öňdebaryjy eksport kompaniýalary baradaky mahabatlar, aýratyn tematiki makalalar we wakalar bilen baglanyşykly maglumat materiallary çap ediler. Şeýle hem, okyjylar halkara söwdasyny we eksportyny ösdürmegiň ýollary we serişdeleri barada soraglar bilen onlaýn wiktorinalara gatnaşyp bilerler. Taslama telekeçileriň portfoliolarynda we halkara sergilerinde ulanyp boljak eksport kompaniýalarynyň önümleriniň we hyzmatlarynyň professional suratlaryny üpjün eder.

Taslama kiçi we orta kärhanalar üçin iş guralyna öwrüljek elektron söwda, torlaýyn işewürlik programmalary, multimediýa we ş.m. ýaly sanly ulgamda türkmen kärhanalarynyň ornaşmagyny ösdürmäge gönükdirilendir.

10082023devuski.jpg

"Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" gurallaryň we hyzmatlaryň ählisini, şol sanda tehniki bilimler we başarnyklar, hukuk, gümrük, logistika, salgyt meseleleri, hünärmenleriň sertifikasiýasy we kiçi we orta kärhanalaryň hyzmatdaş edaralary bilen aragatnaşyklaryny berkitmek, sergileri, okuw maslahatlary we konferensiýalary, prezentasiýalary we mahabat kampaniýalaryny guramak , bir maglumat platformasynda birleşdirer.

Önümleriňizi daşary ýurt bazarlaryna çykarmak isleseňiz, taslamamyza goşulyň!Taslamanyň işine girişmek üçin ilki bilen şu düwmä basyp, geljekki neşirlerimizde okamak isleýän mowzuklaryňyzy saýlap bilersiňiz.

Bu neşir USAID-yň Merkezi Aziýadaky Söwda Maksatnamasy ORIENT maglumat portaly bilen bilelikde "Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy" atly rubrikanyň çäginde taýýarlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026