HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropanyň Bilim gaznasy türkmenistanlylary diňleýji okuwlara çagyrýar

Awgust 09, 2023 | 23:04 |5183
Ýewropanyň Bilim gaznasy ýaş, maksada okgunly adamlary, şol sanda türkmenistanlylary kommunikasiýa ugrunda diňleýji okuwlara çagyrýar. Diňleýjiler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine, metbugat beýanatlaryny we wideorolikleri taýýarlamaga ýardam bererler.Ýewropanyň Bilim gaznasy ýaş, maksada okgunly adamlary, şol sanda türkmenistanlylary kommunikasiýa ugrunda diňleýji okuwlara çagyrýar. Diňleýjiler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine, metbugat beýanatlaryny we wideorolikleri taýýarlamaga ýardam bererler.
Çeşme: euneighbourseast.eu

Ýewropanyň Bilim gaznasy ýaş, maksada okgunly adamlary, şol sanda türkmenistanlylary kommunikasiýa ugrunda diňleýji okuwlara çagyrýar. Diňleýjiler köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine, metbugat beýanatlaryny we wideorolikleri taýýarlamaga ýardam bererler.

Olar şeýle hem, Ýewropanyň Bilim gaznasynyň işini köpçülikleýin beýan etmekde žurnalistler bilen iş alyp bararlar. Gaznada diňleýjilik okuwlaryny geçmek bilen oňa gatnaşyjylar şahsyýetara aragatnaşygyny kämilleşdirmäge, wagty netijeli ulanmak (taým menejment) boýunça başarnyklary ele alarlar. Ýaş diňleýjiler şeýle hem, Ýewropa Bileleşigi, syýasaty, dolandyryş we bilim ulgamy hem-de maksatnamasy baradaky bilimleri özleşdirerler.

Diňleýji okuwlara gatnaşmaga isleg bildirenler iňlis dilini ýokary derejede bilýän, sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarýan we hünär taýdan kämilleşmäge islegli bolmalydyr. Diňleýjilik okuwynyň möhleti 6 aý bolup, ol ýene bir möhletlik uzaldylyp bilner. Diňleýjilik okuwlaryny şu ýylyň sentýabr ýa-da oktýabr aýynda başlamak göz öňünde tutulýar.

Diňleýjilik okuwlaryna gatnaşmak üçin resminamalary onlaýn görnüşde 23-nji awgusta çenli tabşyryp bolýar.

Ähli resminamalary diňleýjilik okuwlaryny geçmäge laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar. Onda okuwa gatnaşjak dalaşgäriň bilimine, öwrenmäge bolan islegine baha berler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026