HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçileri hyzmatdaşlygyň gün tertibi barada pikir alyşdylar

Awgust 06, 2023 | 14:15 |11078
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Gazagystan
Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyna täze bellenen ilçisi Dauren Abaýew
bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Gazagystan
Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyna täze bellenen ilçisi Dauren Abaýew
bilen duşuşdy.
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Gazagystan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyna täze bellenen ilçisi Dauren Abaýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňlik ýörelgeleri esasynda işjeň we yzygiderli ösýändigi bellendi diýip, Moskwadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary beýleki döwletler bilen gatnaşykda öz ýurtlarynyň peýdalanýan esasy daşary syýasat ýörelgeleri barada birek-birege habar berdiler. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, täze howplara we kynçylyklara garşy göreşmek, global energetika we ulag meýilnamasyny öňe sürmek boýunça halkara hyzmatdaşlyk bellendi.

BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has- da pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşygy ösdürmegiň ähmiýeti we geljegi beýan edildi.

Moskwadaky türkmen we gazak diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary iş gatnaşyklaryny dowam etdirmegi ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026