HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

iPhone 15-i rewolýusiýa üýtgeşmeleri bilen Apple tanyşdyrar

Awgust 01, 2023 | 16:20 |5593
Täze iPhone 15 smartfonlarda, täze programmirläp bolýan düwme, has uly
ekran we kämilleşdirilen kamera we prosessor bolar diýip, Bloomberg habar
berýär. IPhone 15-iň tanyşdyrylyş dabarasyna şu ýylyň sentýabr aýynda
garaşylýar.Täze iPhone 15 smartfonlarda, täze programmirläp bolýan düwme, has uly
ekran we kämilleşdirilen kamera we prosessor bolar diýip, Bloomberg habar
berýär. IPhone 15-iň tanyşdyrylyş dabarasyna şu ýylyň sentýabr aýynda
garaşylýar.
Çeşme: macrumors.com

Täze iPhone 15 smartfonlarda, täze programmirläp bolýan düwme, has uly ekran we kämilleşdirilen kamera we prosessor bolar diýip, Bloomberg habar berýär. IPhone 15-iň tanyşdyrylyş dabarasyna şu ýylyň sentýabr aýynda garaşylýar.

Habarlar agentliginiň maglumatyna görä, täze smartfonyň esasy wersiýasynda ilkinji gezek goşmaça Dynamic Island funksiýasy bilen öňdäki kamera üçin kesik bolar. Pro we Pro Max wersiýalaryň ekranlary LIPO tehnologiýasy boýunça öndüriler. Bu bolsa ekranyň çarçuwasyny 0,7 millimetr kiçelder we ini 1,5 millimetr bolar.

Täzelenmeler dizaýna hem täsir eder: korpusyň çarçuwasy titan ergininden, yzky paneli bolsa dury däl aýnadan ýasalar. Şeýlelik bilen, Bloomberg-iň pikiriçe, täze modeliň içki gurluşynyň döwrebaplaşdyrylmagy, zerur bolan ýagdaýynda abatlamagy ýeňilleşdirer.

Şeýle hem, iPhone 15-iň USB-C porty bolar diýlip garaşylýar. Bu bolsa Apple- iň taryhynda ilkinji gezek bolar. Täze port, tanyş Lightning ornuny tutar we sim arkaly maglumat geçiriş tizligini ýokarlandyrar.

Kameralarda hem möhüm täzelenmelere garaşylýar: esasanam, täze obýektiwler we giňeldilen optiki ýakynlaşdyrma diapazony barada gürrüň edilýär. Şeýle hem, Apple täze iPhone-da programmirläp boljak Action düwmesini ýerleşdirer we bu geçirijini sessiz tertibe geçirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026