HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen gepleşikleri geçirdiler

Awgust 01, 2023 | 12:57 |4289
30-njy iýul – 1-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary ýurdumyzyň Demokratik, Agrar we Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.30-njy iýul – 1-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary ýurdumyzyň Demokratik, Agrar we Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti

30-njy iýul – 1-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary ýurdumyzyň Demokratik, Agrar we Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy we düşünişmegi berkitmekdäki ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmekde syýasy partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellendi. Duşuşyklaryň barşynda, myhman HHR-iň Kommunistik partiýasynyň XX Ählihytaý gurultaýynyň jemleri bilen türkmen syýasy partiýalarynyň wekillerini tanyşdyrdyrdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy hökmünde Çen Gan Sinhaý welaýatynyň ýeten sepgitleri we aýratynlyklary barada wideoşekilli görnüş arkaly tanyşdyrdy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde hytaý wekiliýeti Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Halkara atçylyk toplumyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine we Arkadag şäherine baryp gördüler. Saparyň barşynda, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy Çen Gan Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen hem gepleşikleri geçirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026