Aşgabadyň demirgazygyndaky Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgähiň gurluşygy başlaýar


Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda medeni-dynç alyş seýilgähini gurmak üçin potratçy kesgitlenildi. Mart aýynda yglan edilen bäsleşigiň netijelerine görä ol, Nowa hyzmat kompaniýasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, durmuş desgasynyň buýrujysy – Içeri işler ministrligine Nowa hyzmat hususy kärhanasy bilen degişli şertnama baglaşmaga mümkinçilik berýän karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, kompaniýa Çoganlyda seýilgähiň taslamasyny we gurluşygyny amala aşyrar, şeýle hem ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyny, seýilgähiň içerki we daşarky inženerlik ulgamlarynyň gurulmagyny, elektrik, suw üpjünçiligi we lagym desgalary şäher toruna birikdirilmegini üpjün eder.
Gurluşyk 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlar. Desganyň iki ýylda - 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
ORIENT news








