Iň täze habarlar

Paýtagtyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze medeni-dynç alyş merkezi gurlar

20.03.2023 | 15:36 |
 Paýtagtyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze medeni-dynç alyş merkezi gurlar

Aşgabadyň demirgazygyndaky Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähini gurmak meýilleşdirilýär. Desganyň çyzgysyny çyzmak we gurmak üçin tender bäsleşigi baradaky bildirişi 20-nji martda resmi türkmen metbugaty çap etdi.

Teklipleriň bäsleşigini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Içeri işler ministrliginiň buýurmasynyň esasynda geçirýär.

Tendere gatnaşmak baradaky ýüz tutmalar Gurluşyk ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli şu salgyda hasaba alynýar: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 84.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

ORIENT habarlar

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: