Astanada ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygy geçirer


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Uest we Owganystanyň aýallary, gyzlary we adam hukuklary boýunça ýörite wekili Rina Amiri Astana, Gazagystana we Doha Katara giderler. Sapar 26-31-nji iýul aralygynda meýilleşdirilýär.
Astanada olar Owganystan boýunça C5+1 ýörite sessiýasynda Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Täjigistanly, Türkmenistanly we Özbegistanly kärdeşleri bilen duşuşarlar. Şeýle hem, olar Owganystanda we Gazagystanda aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan güýçlendirilmegi ugrunda işleýän raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşarlar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň çarşenbe güni çap eden beýanatynda aýdylýar.
Dohada, Uest we Amiri Talyban wekiliýeti we owganyň ýokary derejeli ministrleri bilen duşuşyp, ýurtdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşar.
Ara alyp maslahatlaşmagyň ileri tutulýan mowzuklary Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik goldawyny bermegi, ykdysady durnuklaşmagy, ähli owganlylara, şol sanda aýal-gyzlara adalatly we abraýly çemeleşilmegi we howpsuzlyk meselelerini öz içine alar.
Iki aý öň Aşgabat, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri görnüşinde duşuşýan ýeri boldy. Indiki şunuň ýaly duşuşyk güýzde meýilleşdirilýär.
ORIENT news








