HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanyň ilçisi we Türkmenistanyň wise-premýäri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegi barada pikir alyşdy

Iýul 25, 2023 | 17:05 |5987
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly
Atahallyýew duşenbe güni Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçisi Wafo Alibek
Niýatbekzoda bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly
Atahallyýew duşenbe güni Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçisi Wafo Alibek
Niýatbekzoda bilen duşuşdy.
Çeşme: e-cis.info

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew duşenbe güni Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ykdysadyýet we söwda, oba hojalygy, saglygy goraýyş, senagat, ylym we bilim pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek işinden kanagatlanma bildirdiler diýip, Täjigistan Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şu ýylyň maý aýynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Duşanbe şäherine eden saparynda, Türkmenistan we Täjigistan uly resminamalara, şol sanda strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak jarnamasyna, saglygy goraýyş, weterinariýa, kiberhowpsuzlyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň hökümetler arasyndaky ylalaşyklara, ösümlikleriň karantiny, oba hojalygy we ulag we ş.m. pudaklarda özara gatnaşyklaryň «ýol kartalary» ýaly resminamalara gol çekdi.

Ýakynda Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Aşgabat şäherine iş sapary bilen geldi. Ony Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kabul etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026