HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda azyk önümleri haýsy ýerde amatly?!

Iýul 28, 2023 | 12:57 |4783
“ORIENT” öz gezeginde, türkmenistanlylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan oba hojalyk önümlerini anyklamak üçin kiçiräk sorag-jogap işini geçirdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ilaty miwe önümlerine görä, gök önümleri has köp satyn alýar.“ORIENT” öz gezeginde, türkmenistanlylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan oba hojalyk önümlerini anyklamak üçin kiçiräk sorag-jogap işini geçirdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ilaty miwe önümlerine görä, gök önümleri has köp satyn alýar.
Çeşme: Redaksiýa

Ynamdar maglumat çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda her ýyl gök we miwe önümler ozalky ýyldakydan 10 – 20 göterim köp öndürilýär. Oba hojalygynda önümçiligiň artmagy bir tarapdan bu önümlere ilatyň isleginiň artmagy bilen baglanyşykly bolsa, beýleki bir tarapdan daşarky bazarlara eksport islegleriniň ýokarlanmagy bilen baglydyr. Eger-de, bir ekerançy biziň howa şertlerimize laýyk gelmeýän, ýyladyşhana şertlerinde bananlary, apelsinleri we beýleki del ekinleri ösdürip ýetişdirse, beýleki daýhanlar ilatyň uly islegden peýdalanýan azyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Bularyň ikisi-de, ýurduň azyk bolçulygyny üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

“ORIENT” öz gezeginde, türkmenistanlylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan oba hojalyk önümlerini anyklamak üçin kiçiräk sorag-jogap işini geçirdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň ilaty miwe önümlerine görä, gök önümleri has köp satyn alýar. “Haýsy gök önümleri has köp satyn alýarsyňyz?” diýlen soraga bolsa, şu yzygiderligiň kän bozulmaýan tertibinde biragyzdan: “ýeralma, sogan, hyýar, pomidor we käşir” diýlen jogaplar alyndy. Mundan başga-da, paýtagtyň ýaşaýjylary bu sanawa köplenç baklajany hem goşdular.

Million adamdan gowrak ilaty özünde jemleýän Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary 3 usulda: bazarlara aýlanmak, markede girmek we onlaýn görnüşde azyk önümlerini satyn alýar. “ORIENT” bu söwda nokatlaryň haýsysynda gök önümleri satyn almagyň amatlydygyny anyklamak üçin nyrhlary gözden geçirdi. Bahalaryň bu derňewine häzirki wagtda ilatyň uly isleg bilen sarp edýän gawundyr garpyzyň hem satuw bahalary girizildi. Nyrhlar gök we miwe önümlere baý bazarlaryň iň ýörgünlisi hökmünde “Teke bazaryndan”, meşhur marketlerden we onlaýn söwda platformalaryndan alyndy.

Şeýlelikde ýeralma şu nyrhlarda satylýan eken:

64c221ff8fe64442659749.jpg

  • Marketde – 4,99 manat;
  • Onlaýn magazinde – 7,3 manat;
  • “Teke bazarda” – 8 manat.

Ilat arasynda ähli wagtda uly islegden peýdalanýan bu önümi marketlerde we onlaýn magazinlerde satyn almak amatly bolup çykdy. Ýeralmanyň ortaça bahasy bazarda 8 manat töwereginde üýtgäp, ol bazarda hemme zat hemme wagtda arzan diýen düşünjä garşy geldi.

Sogan:

64c2221587e17785695376.jpg

  • “Teke bazarda” – 2,4 manat;
  • Onlaýn magazinde – 3,4 manat;
  • Marketde – 4,6 manat.

Eger-de bazarda ýeralma gymmat satylýan bolsa, soganyň satuwy iň arzan bahaly boldy. Soganyň nyrhy boýunça onlaýn magazin ýene-de ortalyk ornuny saklady. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň mälim etmegine görä, ýurdumyzda soganyň “Kaka”, “Farap”, “Karatal”, “Erdem” we “Tehas Grano 502” görnüşleri uly islegden peýdalanýar.

Hyýar:

64c2225185cec796806142.jpg

  • “Teke bazarda”: 2 manat;
  • Marketde: 4,4 manat;
  • Onlaýn magazinde: 5,7 manat.

Hyýaryň staylyş nyrhy boýunça onlaýn magazin sanawda iň soňky orny eýeläp, bazardaky nyrhdan hem 3 essä golaý gymmat bolup çykdy.

Pomidor:

64c22267183e2136728674.jpg

  • “Teke bazarda” – 3,9 manat;
  • Onlaýn magazinde: 4,7 manat;
  • Marketde – 5,3 manat.

Iň amatly nyrhdaky pomidor bazarlarda satylýar diýip bileris. Olaryň görnüşleri hem bazarda örän köp. Eger-de, siz gyşa taýýarlyk hökmünde pomidory köp mukdarda satyn almakçy bolsaňyz, onda bazara tarap ýöräberiň. Hyýardan duzalamalary taýýarlamak isleýän öý hojalykçy zenanlar babatda hem şu maslahaty berip bileris.

Käşir:

64c22282e8307420931724.jpg

  • Marketde – 3,5 manat;
  • “Teke bazarda” – 3,9 manat;
  • Onlaýn magazinde – 5,4 manat.

Türkmen palowyna ýartyn tagam goşýan käşir ähli söwda noktlaryndan marketde arzan bolup çykdy. Ýöne, käşiriň dürli görnüşleriniň bazarda köpdügini welin boýun almagymyz gerek.

Baklajan:

64c2229daa6fc245995038.jpg

  • Marketde – 3,5 manat;
  • “Teke bazarda” – 3 manat;
  • Onlaýn marketde – 3 manat.

Marketde azajyk gymmat satylýan eken diýmeseň, baklajan satuwynyň bahasy söwda nokatlarynda känbir tapawutlanmady.

Garpyz (1 kilogramy):

64c222b410ba8863171899.jpg

  • Marketde – 1 manat;
  • Onlaýn marketde – 1,3 manat;
  • “Teke bazarda” – 3 manat.

Bazarlarda garpyzyň dürli görnüşleri, mukdary, saýlamak mümkinçiliginiň köplügi bilen aýratyn tapawutlanýar. Özi-de, bu ýerde garpyzyň bişenligini kesip görkezip bilýärler. Muňa garamazdan, ökde bakjaçylaryň bellemegine görä, garpyzyň gyzyllygy onuň hakykatdan hem süýüjüligini aňlatmaýar. Marketlerde garpyz 2 esse diýe ýaly arzan, ýöne bu ýerde saýlamak mümkinçiligi örän az.

Gawun:

64c222c830007276343243.jpg

  • Marketde – 3,3 manat;
  • Onlaýn magazinde – 4,9 manat;
  • “Teke bazarda” – 5 manat.

Ýurdumyzda häzir döwürde gawunyň 400-e golaý görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmen gawuny alys ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedir. “Waharman”, “Gülaby” we “Garrygyz” gawunlary milli bazarlarymyzda iň köp ýaýran görnüşlerdir. “Tarlawuk” ýaly has süýji, “Gara gawun” ýaly has ysly görnüşler “Waharman” gawunyndan arzan satylýar.

Netijede, azyk önümlerini belli bir ýerde satyn almak amatly düşýär diýip kesgitli aýtmak örän kyn. Ýöne, satyn alnyş möçberine laýyklykda, bazarda käbir oba hojalyk önümlerini has arzan bahada hem satyn alyp bolar. Bu ýagdaýy marketde ýa-da onlaýn magazinde edip bolmajagy düşnüklidir. Geçiren derňewlerimiz hyýar, pomidor we sogany bazardan, käşiri we sogany marketden, baklajany bolsa göwnüň islän ýerinden satyn alanyňda hem üýtgeşik bahasynyň üýtgemeýändigini görkezdi.

Gawun we garpyzyň bahalary barada aýdylanda bolsa, biz diňe gören nyrhlarymyzy deňeşdirdik. Bu önümleri anyk nireden alanyňda arzan düşýändigini kesgitlemek goşmaça gözlegleri talap edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026