HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçilerini daş senagaty boýunça Hindistanda geçjek halkara sergisine çagyrýarlar

Iýul 25, 2023 | 13:16 |5509
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini «India Stonemart 2024» atly daş senagaty boýunça halkara sergisiniň we maslahatynyň gatnaşyjylary bolmaga çagyrýarlar. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 4-nji fewraly aralygynda Hindistanyň Jaýpur şäherinde geçer- diýip, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň saýty habar berýär.Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini «India Stonemart 2024» atly daş senagaty boýunça halkara sergisiniň we maslahatynyň gatnaşyjylary bolmaga çagyrýarlar. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 4-nji fewraly aralygynda Hindistanyň Jaýpur şäherinde geçer- diýip, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň saýty habar berýär.
Çeşme: tstb.gov.tm

Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini «India Stonemart 2024» atly daş senagaty boýunça halkara sergisiniň we maslahatynyň gatnaşyjylary bolmaga çagyrýarlar. Ol 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 4-nji fewraly aralygynda Hindistanyň Jaýpur şäherinde geçer- diýip, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň saýty habar berýär.

Çäre daş pudagy boýunça ähli gyzyklanýan taraplary – öndürijileri we sarp edijileri, bilermenleri, tehnologiýalar bilen üpjün edijileri we binagärleri ýygnar.

Sergi oňa gatnaşyjylara bütin dünýäden bolan sarp edijileriň arasynda önümi we hyzmatlary mahabatlandyrmaga ajaýyp platformany berer, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

Görkezilýän önümleriň arasynda – tebigy daşlaryň ähli görnüşleri, mermer, granit, slanes, kwarsit, gumdaş, daş maşyn enjamy, sarp edilýän zatlar bardyr.

Daş işläp bejermek senagatynyň halkara sergisi «India Stonemart 2024» 2000-nji ýyldan bäri daşlary işläp bejermek Merkezi (CDOS) tarapyndan Rajastan ştatynyň senagat ösüşi we maýa goýumlar Döwlet korporasiýasy (RIICO) bilen bilelikde her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026