Hytaý tizligi 250 km/sag ýük otlusyny işe girizer


Hytaý tizligi sagatda 250 km yzygiderli ýük otlularyny işe girizer. 12-nji iýulda Günbatar Hytaýda Çendu bilen Kunminiň arasynda görkezilen tizlikde ýola goýlan iki otlynyň synag gatnawlary üstünlikli tamamlandy. Geljekde bu gatnawlar her gün amala aşyrylar.

Ýokary tizlikli ýük otlulary ozalky ýolagçy ýokary tizlikli otlularydyr. Täze hyzmat 1127 kilometr aralygy geçer we ýük alty sagadyň dowamynda ýetiriler. Täze we ter önümlerden başga-da, bu hyzmat biomedikal önümleri, elektronika we iş resminamalary ýaly goşulan gymmaty ýokary bolan önümler üçin niýetlenendir. Täze hyzmat Hytaý demir ýollarynyň ýük ulgamy üçin ýokary tizlikli otlylaryny ulanyp başlamagynyň başlangyjydyr.

Ozal Hytaýda dünýäde iň uly onlaýn söwda festiwaly bolan “Double Eleven” söwda festiwaly ýaly ýörite ýagdaýlarda ýük daşamak üçin ýokary tizlikli otlular ulanylylypdy. Ýöne şonda ýük otlulary ulanylman, harytlar göni ýolagçy oturgyçlaryna ýerleşdirilipdi. Söwda festiwaly tamamlanandan soň, bu otlular ýolagçylara hyzmat etmek üçin yzyna gaýtaryldy.

Hytaýyň uzynlygy 37,900 km bolan dünýäde iň uly ýokary tizlikli demir ýol ulgamy bar.
ORIENT news








