HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada Aziýada we Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garalýar

Iýul 14, 2023 | 01:30 |7073
13-nji iýulda Astana şäherinde işe başlan Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça
Merkezi Aziýa forumynyň ilkinji gününde bilermenler görlüp-eşidilmedik
geosyýasy dartgynlyk, howanyň üýtgemegi we suw krizisi döwründe
hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryna, şeýle hem terrorçylyga garşy göreş
boýunça tagallalara we halkara guramalaryň özgertmelerine garadylar.13-nji iýulda Astana şäherinde işe başlan Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça
Merkezi Aziýa forumynyň ilkinji gününde bilermenler görlüp-eşidilmedik
geosyýasy dartgynlyk, howanyň üýtgemegi we suw krizisi döwründe
hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryna, şeýle hem terrorçylyga garşy göreş
boýunça tagallalara we halkara guramalaryň özgertmelerine garadylar.
Çeşme: astanatimes.com

13-nji iýulda Astana şäherinde işe başlan Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa forumynyň ilkinji gününde bilermenler görlüp-eşidilmedik geosyýasy dartgynlyk, howanyň üýtgemegi we suw krizisi döwründe hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryna, şeýle hem terrorçylyga garşy göreş boýunça tagallalara we halkara guramalaryň özgertmelerine garadylar.

Maslahatda çalt üýtgeýän geosyýasy gurşawda iň çylşyrymly ýagdaýlary çözmek üçin umumy pikir tapmakda halkara jemgyýetçiliginiň öňünde durýan ýiti wezipe beýan edildi.

IMG_20230714_012321.jpg

Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Merkezi Aziýa forumy 25 ýurtdan dünýäniň öňdebaryjy barlag merkezleriniň görnükli alymlaryny we syýasatçylaryny bir ýere jemledi. Bu çärä Ermenistan, Azerbaýjan, Belgiýa, Hytaý, Hindistan, Indoneziýa, Ýaponiýa, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Russiýa, Singapur, Günorta Koreýa, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, ABŞ we Özbegistan ýaly döwletlerden 60-dan gowrak halkara spikerler gatnaşýar.

Forumda çykyş etmek üçin çagyrylan myhmanlaryň arasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala, Ýaponiýanyň Syýasy barlaglar milli institutynyň wise-prezidenti Naruşige Miçişita, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ministrligiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň prezidenti Muhammet Hasan Şeýh Al Islami, Kataryň Jorjtaun uniwersitetiniň döwlet syýasaty boýunça professory Mehran Kamrawa we başgalar bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026