Qatar Energy - nebitiň we gazyň “garalanmagy” we dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň iň uly üpjünçisi bolmak maksatlary barada


Kataryň Energetika meseleleri boýunça döwlet ministri we Qatar Energy kompaniýasynyň Baş müdiri Saad bin Şerida Al Kaabi Kanadada suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) boýunça geçirilen 20-nji Halkara maslahatynda 2029-njy ýyla çenli bazara çykjak täze STG-niň umumy möçberiniň 40%-niň öz kompaniýasy tarapyndan üpjün ediljekdigini habar berdi.
Al-Kaabi dünýäniň ilat sanynyň artmagy bilen zawodlary dolandyrmak we elektrik energiýasyny öndürmek üçin arassa gazylyp alynýan ýangyç hökmünde tebigy gaza hemişelik dowamly zerurlygyň boljakdygyny aýtdy – diýip, New Arab habar berýär.
Ol Katar energetika şereketiniň dünýäni ýylda 16-18 million tonna STG bilen üpjün etjek ABŞ-daky taslamasyndan başga-da önümçiligini ýylda 126 million tonna çenli ýokarlandyrmagyň üstünde işleýändigini düşündirdi.

Döwlet ministri Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada kömürturşy gazy bölüp aýyrmak boýunça iň iri meýdançanyň Katarda ýerleşýändigini aýtdy. Ol ýerde ýylda iki million tonnadan gowrak kömürturşy gazynyň bölünip alynýandygyna üns çekmek bilen, Al-Kaabi bu görkezijiniň birnäçe ýylyň içinde 11 million tonna çenli ýokarlanjakdygyny belledi. Ol Kataryň STG-den uglerod zyňyndylary boýunça dünýäde iň pes görkezijilere eýedigini nygtap geçdi.
Al-Kaabi pes uglerodly energiýa geçiş meselesi boýunça jogapkärçilikli gepleşik geçirmäge çagyrdy we nebitiň we gazyň "garalanmagynyň" bu pudaga maýa goýumlarynyň soňky on ýylda 25% çenli ep-esli azalmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Ol bazaryň bu gutulgysyz pese gaçmagyň ähmiýetli täsirine duçar bolmandygyny, ýöne gorlaryň aňsatlyk bilen doldurylyp bolunmaýanlygyny we bu pudaga maýa goýumlarynyň bazar talaplaryndan yza galýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ministr pes uglerodly energiýa geçiş we nebitden we gazdan ýüz öwürmegiň zerurlygy baradaky gürrüňler boýunça öz pikirini aýdyňlaşdyrdy. "Biz egoist bolup bilmeris we bir milliard adamyň hatda elektrik togy bolmadyk halatynda nebitiň we gazyň ýatyrylmagyny talap edip bilmeris" – diýip, Al-Kaabi aýtdy.
Şeýle-de, ol 2050-nji ýyla çenli energiýa mätäç adamlaryň sanynyň iki milliarda çenli artjakdygyny we ösýän ýurtlara ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin has köp energiýanyň zerur boljakdygyny düşündirdi.
ORIENT news








