Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň we hususy pudagynyň wekilleri Baku ID forumyna gatnaşdy


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik Bankynyň we «Yigit» HJ-niň wekilleri, ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) ýardamynda Bakuwda geçirilen Baku ID wençura maýasy forumyna gatnaşdylar.
Baku ID (Baku maýa goýum güni) – Azerbaýjanyň Ylym we bilim ministrligi we Bilim instituty tarapyndan esaslandyrylan SABAH.HUB innowasiýa merkezi tarapyndan gurnalan Azerbaýjanda her ýyl geçirilýän başlangyçlaryň we innowasiýalaryň esasy çäresi.
Forum, döwlet guramalaryny, kompaniýalary, wençura gaznalaryny, işewürleri, telekeçileri we başlangyç toparlary ýurtda we Merkezi Aziýa sebitinde innowasiýa landşaftynyň ýagdaýyny, başlangyç ekoulgamyna täze maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi. Bu çärä 200-den gowrak goýumçy, 100-den gowrak başlangyçjy, 3000 töweregi myhman we gatnaşyjy, şeýle hem onlarça hyzmatdaş guramalar gatnaşdy.

Forum maksatnamasy panel çekişmelerini, başlangyç çykyşlaryny, ara alyp maslahatlaşmalary we aragatnaşygy ýola goýmak boýunça çäreleri öz içine aldy. Maslahatda «Adam maýasynyň geljekdäki ösüş trendlary», «Telekeçileriň täze nesliniň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi», «Infrastrukturanyň we tehnologiýanyň kesişmesi», «Başlangyçlar üçin döwlet goldawy we ekoulgamy döretmek maksatnamalary» ýaly birnäçe mowzuk açyldy.
Maslahatyň moderatorlary we çykyş edenleri Günbatar uniwersitetleriniň, wençura gaznalarynyň we pikir merkezleriniň wekilleri boldular. Olaryň arasynda IE Business School Venture Lab, Diaspora Ventures, Stenford uniwersiteti, 500 Global, Sturgeon Capital, Big Sky Capital VC, White Hill Capital, Startup Wise Guys, Vitosha Venture Partners, Azerbaýjanyň innowasiýa we sanly ösüş boýunça agentligi we başgalar bar.
Mundan başga-da, Ýewropanyň we Aziýanyň ýedi ýurdundan 48 başlangyçjy öz taslamalaryny hödürledi.
Türkmen wekiliýeti iň oňat başlangyç taslamalary bilen tanyşmaga we Azerbaýjanda, Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde innowasiýa ekoulgamlarynyň geljegini ýerli we halkara hünärmenler, wençura maýa gaznalary, akademiýa we pikir merkezleri bilen ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aldy. Forumyň dowamynda alnan bilimler we pikirler Türkmenistanda wençura ekoulgamynyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşar.
ORIENT news








