Twitter mahabatdan gelýän girdejileri ulanyjylar biler paýlaşar


Monetizasiýa (ýeňillikleriň öwezini dolmagy pul bilen çalyşmak) ulgamynyň çäklerinde Twitter sosial tory mahabatdan gelýän girdejini ullanyjylar bilen paýlaşar. Bu barada mikrobloklaryň hyzmatynyň saýtynda habar berilýär.
Maksatnama Twitter Blue ýazylan we üç aýyň dowamynda ýazgylary her aýda bäş milliondan az bolmadyk gezek gören ulanyjylar gatnaşyp bilerler. Tölegler olaryň elektron töleg platformasy Stripe-däki hasabyna geçiriler.
Twitteriň eýesi Ilon Maskyň anyklamagyna görä, tölegleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde ulanyjylar jemi $5 mln alarlar. Olar şu ýylyň fewralyndan başlap jemleniler. Hut şol wagty Twitter Blue maksatnamasyna badalga berilýändigi yglan edilipdi.
Käbir ulanyjylar eýýäm girdejileri alyp başladylar. Şeýlelikde, amerikan ýazyjysy Braýan Krassenşteýn ABŞ-nyň 24 müň dollaryndan gowrak aldy. Onuň Twitterde 750 müňe golaý abonenti bardyr. 1,7 mln abonenti bolan syýasy synçy Benni Jonsona mikrobloklaryň hyzmaty ABŞ-nyň 9,5 müň dollaryny töledi.
Kompaniýanyň aýtmagyna görä, gelejekde bu maksatnama giňeler.
Monetizasiýa funksiýasy Twitterde üstümizdäki ýylyň aprel aýynda elýeter boldy. Ol ulanyjylara tölegli ýazylyşyk girizmek arkaly öz lentasynda kontentiň üsti bilen gazanmaga mümkinçilik berýär.
ORIENT habarlar








