HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň bilelikdäki taslamalarynyň durmuşa geçirilişine garaldy

Iýul 12, 2023 | 00:33 |9748
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak ýurdumyzyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Ýewropa toparynyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Sara Rinaldi bilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy.Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak ýurdumyzyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Ýewropa toparynyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Sara Rinaldi bilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak ýurdumyzyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň Ýewropa toparynyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Sara Rinaldi bilen duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

Ilçi öz ýurdunyň milli ösüş we halkara hyzmatdaşlygy meýilnamasyndaky ulag, sanlylaşdyrma, tehnologiki hyzmatdaşlyk, zenan telekeçiligi we bilim ýaly ÝB bilen hyzmatdaşlygyň potensial ugurlaryny aýratyn bellemek bilen ileri tutulýan ugurlar barada jikme-jik durup geçdi.

Sara Rinaldi, öz gezeginde öz ýolbaşçylygyndaky müdiriýetiň işi bilen tanyşdyrdy we 2021-nji ýylyň ahyryndan çalt ösýän ykdysadyýetli we ösýän ýurtlarda sanly, energiýa we daşky gurşaw özgerişleriniň çaltlaşmagyna goşant goşýan Ýewropa toparynyň başlangyjy bolan Global Gateway strategiýasynyň ähmiýetini nygtady.

Ýewropa Bileleşiginiň wekili Sara Rinaldi tarapyndan aýratyn bellenen maksatnama Merkezi Aziýada Durnukly energiýa hyzmatdaşlygy (SECCA) maksatnamasydyr. 2022-nji ýylda işe girizilen bu başlangy, MA ýurtlarynda has ygtybarly, elýeterli we durnukly energiýa üpjünçiliginiň ösdürilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

Şeýle hem Rinaldi ÝB-niň geljek ýylyň başynda sanlylaşdyrma degişli taslama boýunça Türkmenistandaky degişli işgärlere tehniki kömek bermek borjuna ygrarlydygyny tassyklady. Bu maksatnama beýleki sebit başlangyçlaryna esaslanar we ýurtda sanly mümkinçilikleri hasam giňelder.

Bilim pudagynda Rinaldi Ýewropa we Merkezi Aziýa uniwersitetleriniň arasynda talyp alyş-çalşyna we akademiki hyzmatdaşlyga ýardam berýän Erasmus + maksatnamasynyň möhüm ornuna ünsi çekdi.

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan durmuşa geçirilýän ýene bir möhüm sebit maksatnamasy – Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça bilelikdäki taslama. Bu taslama, ýurtda betbagtçylyga taýýarlygy we onuň zyýanyny ýeňip geçmek ukybyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Taraplaryň aragatnaşyklary berkitmäge we bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etmegi duşuşygyň aýdyň netijesi boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026