Türkmenistanyň GDA-nyň kanuny we beýleki edaralaryndaky ygtyýarlandyrylan wekili Belorusdaky awtoulag gurluşygy bilen tanyşdy


Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralaryndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekili Nazarguly Şagulyýew GDA-dan beýleki delegatlaryň düzüminde Belorusdaky BÝGPJ «БелДжи» zawodyna baryp gördi.
«БелДжи» zawody ýeňil awtoulaglary öndürmek boýunça respublikada ilkinji zawoddyr.
Diplomatlar Geely ýeňil awtoulaglarynyň önümçiligi bilen tanyşdylar. Olar şeýle hem Belorusyň çäginde ýygnalýan we ýerlenilýän ähli modelleri, hususanda – elektrik Geometry C-ni we krossower Monjarony synag edip gördüler.
«БелДжи» zawody 2017-nji ýylyň noýabryndan bäri işleýär. Ol Geely Atlas we beýleki häzirki zaman awtoulaglarynyň ýygnalmagynyň doly aýlawyny (kebşirlemek, reňklemek we göni ýygnalmak) amala aşyrýar. Zawodda Fronius awstriýa kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen CMT (Cold Metal Transfer) tehnologiýasy ulanylýar. Ol diňe bir kebşirleýji dikiniň anyklygyny, berkligini we owadanlygyny ýokarlandyrman, eýsem kuzowyň çüýremä garşy häsiýetini ýokarlandyrýar.
ORIENT news








