Intel kompaniýasy ŞK-iň bazaryndan gidýär


Elektron gurluşlaryň we kompýuterleriň düzüm bölekleriniň giň görnüşlerini öndürýän Intel kompaniýasy Next Unit of Computing (NUC) maşgalasyna degişli kiçi – ŞK-iň mundan beýläkki çykarylyşyndan ýüz döndermegi karar etdi. Degişli habarnamany prosessor äpedi öz hyzmatdaşlaryna iberdi.
Beýanatda kompaniýanyň NUC-laryň innowasiýasyny we ösüşini dowam etdirmäge beýleki hyzmatdaşlara mümkinçilik bermek üçin öz strategiýasyny üýtgetmek meýiliniň bardygy aýdylýar. Şol bir wagtda korporasiýada bu kararyň Intel Client Computing Group (CCG) ýa-da Network and Edge Computing (NEX) beýleki bölümçelerine täsir etmeýändigini nygtadylar.
Şeýle hem Intel-iň meşgullanan kiçi-ŞK-ler üçin etalon ulgam platalary hem öndürilmez.
Intel korporasiýasy — dünýäde ýarym geçirijileri iri öndürijidir, onuň önümçilik kuwwatlyklary ABŞ-da, Ýewropada we Aziýada ýerleşýär. Ol dürli-dürli tehnikany: enekartlary, fleş- ýadyny, kommutatorlary, marşrutizatorlary, çipleri we başga-da köp zatlary öndürýär.
Ilkinji NUC ŞK-ni Intel 2013-nji ýylda çykardy. Inteliň bazardan gitmegi bilen onuň öndüriljegi entäk belli däldir.
ORIENT news








