HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda wodorod energetikasynyň ösüşi Aşgabatda pudagara iş toparynyň mejlisiniň mowzugy boldy

Iýul 11, 2023 | 20:56 |7169
Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça pudagara
iş toparynyň ikinji mejlisi, sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň
Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň
ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli
ministrlikleriniň we bölümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar
diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça pudagara
iş toparynyň ikinji mejlisi, sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň
Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň
ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli
ministrlikleriniň we bölümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar
diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň ikinji mejlisi, sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.

Mejlisde bu ugurda ileri tutulýan meseleler gözden geçirildi – 2022- 2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem bu ugurda daşary ýurt tejribesini ulanmagyň mümkinçilikleri öwrenildi.

Energetika diplomatiýasy – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir. Ýurdumyz energiýa ätiýaçlyklaryna eýedir we energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine goldaw berýär, bu ugurda yzygiderli möhüm başlangyçlary öňe sürýär we halkara hem-de sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar diýip, ministriň orunbasary öz çykyşynda aýtdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda wodorod energetika pudagyndaky dünýä başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ökde hünärmenler bilen üpjün edilen häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan ýokary öndürijilikli pudagy döretmek ugrunda iş alnyp barylýar.

Wodorod energetika pudagyndaky ylmy esaslar berkidilýär we ylmyň bu ugry boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Duşuşyga gatnaşyjylar Ýa. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen wodorod energetikasy merkeziniň işi bilen tanyşdylar.

Şeýle hem mejlisde, wodorod energetikasy pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin abraýly halkara guramalary - BMG, ÝHHG, ÝB, AÖB we Angliýa, ABŞ, Ýaponiýa ýaly we ş.m. döwletler bilen özara gatnaşyklaryň zerurdygy bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026