HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý ýaşyl wodorodyň dünýäde iň uly önümçiligini ýola goýdy

Iýul 10, 2023 | 21:04 |6987
Gün energiýasyny wodoroda öwürmek boýunça dünýädäki iň uly önümçilik
desgasy Hytaýyň Sinopec nebit-gaz we himiýa korporasiýasy tarapyndan işe
girizildi. Bu barada renen.ru portaly habar berýär.Gün energiýasyny wodoroda öwürmek boýunça dünýädäki iň uly önümçilik
desgasy Hytaýyň Sinopec nebit-gaz we himiýa korporasiýasy tarapyndan işe
girizildi. Bu barada renen.ru portaly habar berýär.
Çeşme: renen.ru

Gün energiýasyny wodoroda öwürmek boýunça dünýädäki iň uly önümçilik desgasy Hytaýyň Sinopec nebit-gaz we himiýa korporasiýasy tarapyndan işe girizildi. Bu barada renen.ru portaly habar berýär.

Zawod elektrik geçiriji we öwrüş liniýalary bilen enjamlaşdyrylan, şeýle hem suw elektrolizi, wodorody öndürmek, ony saklamak we daşamak üçin desgalardan ybarat. Şol bir wagtyň özünde elektrolizýorlar gün elektrik stansiýasy bilen işleýär we ýel energiýasyny ulanýar.

Taslama ýylda 20 müň tonna ýaşyl wodorod öndürmek üçin niýetlenendir. Ammar desgalary 210 müň kub metr mukdarda wodorod ätiýaçlyklaryny saklamaga mümkinçilik berýär. Ulag infrastrukturasynyň sagatda 28 müň kub metr wodorod ugratmak mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.

Ýaşyl wodorod gazylyp alynýan ýangyçy çalyşmak üçin Sinopec Tahe Refining & Chemical zawodyna ugradylýar. Hasaplamalara görä, bu kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny ýylda 485 müň tonna barabar azalmagyna ýardam eder.

Royal Dutch Shell britan-niderland nebitgaz kompaniýasy hem Ýewropada iň iri wodorod zawodyny gurýar. Holland Hydrogen atly kärhana 2025-nji ýylda Ýewropanyň iň uly porty hasaplanýan Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde işe giriziler. Kärhananyň kuwwaty bir günde 60 tonna çenli ýaşyl wodoroda deň bolar diýlip çaklanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

Starlink 2028-nji ýyla çenli adaty smartfonlar üçin hemra esasly 5G toruny ornaşdyrar

15:06 Awgust 07, 2026
Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

Stambul 2026-njy ýylda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň esasy merkezine öwrüldi

15:03 Awgust 07, 2026
Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

Tor arkaly iPhone 18 modeliniň tanyşdyrylyş senesiniň ähtimal wagty mälim edildi

14:50 Awgust 07, 2026