HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Megan-berhizi, iýip bolýan «gözellik» we sargyda goşulan hakykat - 2040-njy ýylda günortanlyk

Iýul 09, 2023 | 00:15 |6504
Sarp edijilerde giper-şahsylaşdyrylan berhiz, AI, VR we AR bolsa, biziň nahar iýmegimizde has köp orun tutar diýip, Deliveroo hasaplaýar. 2013-nji ýylda Londonda, Angliýada esaslandyrylan we öz 10 ýyllygyny belleýän Deliveroo britan kompaniýasy internet arkaly iýmit eltip bermek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda ol Angliýada, Fransiýada, Belgiýada, Irlandiýada, Italiýada, Singapurda, Gonkongda, BAE-de, Kuweýtde, Katarda we ş.m. iş alyp barýar.Sarp edijilerde giper-şahsylaşdyrylan berhiz, AI, VR we AR bolsa, biziň nahar iýmegimizde has köp orun tutar diýip, Deliveroo hasaplaýar. 2013-nji ýylda Londonda, Angliýada esaslandyrylan we öz 10 ýyllygyny belleýän Deliveroo britan kompaniýasy internet arkaly iýmit eltip bermek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda ol Angliýada, Fransiýada, Belgiýada, Irlandiýada, Italiýada, Singapurda, Gonkongda, BAE-de, Kuweýtde, Katarda we ş.m. iş alyp barýar.
Çeşme: deliveroo.co.uk

Sarp edijilerde giper-şahsylaşdyrylan berhiz, AI, VR we AR bolsa, biziň nahar iýmegimizde has köp orun tutar diýip, Deliveroo hasaplaýar. 2013-nji ýylda Londonda, Angliýada esaslandyrylan we öz 10 ýyllygyny belleýän Deliveroo britan kompaniýasy internet arkaly iýmit eltip bermek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda ol Angliýada, Fransiýada, Belgiýada, Irlandiýada, Italiýada, Singapurda, Gonkongda, BAE-de, Kuweýtde, Katarda we ş.m. iş alyp barýar.

1-1.jpg

3D printerde çap edilen megan-berhiz (meganizm) we iýmit, 2040-njy ýyla seretmäge synanyşan Deliveroo-nyň täze hasabatyna görä, geljegiň iýmitleriniň we içgileriniň pudagynda tendensiýalaryň sanyna girýär we häzirki trendleriň seljermesiniň esasynda biziň siz bilen ertirligimiziň, günortanlygymyzyň we garbanyşymyzyň birnäçe onýyllyklardan soň nähili boljakdygyny görkezýär.

2-3.jpg

Meganizm, emeli intellekt tehnologiýasy bilen işleýän giper-şahsylaşdyrylan diýeta hökmünde häsiýetlendirilýär we Deliveroo 2040-njy ýyla çenli adamlaryň maglumatlary birleşdirmek we şahsylaşdyrylan berhiz maslahatlaryny almak üçin tehnologiýany ulanjakdygyny belledi.

3-1.jpg

Şol bir wagtyň özünde, 3D çap edilen iýmit adamlara halaýan iýmitiniň gurluşyny we daşky görnüşini saýlamaga mümkinçilik berer, demi seljerýän şahsy tehnologiýa enjamy bolsa, ulanyja haýsy iýmit iýmelidigini aýdar. Şeýlelik bilen, EI-iň siziň «süýjüleriňize-de» ýetjekdigine taýyn boluň. Eger-de, mysal üçin siz gök önümleri iýmegi halamaýan bolsaňyz, ol beýniňizi aldatmaga kömek eder. Siz akylly äýnek dakyp iýmitleri halaýan şokolad ýa-da süýjiňiz hökmünde kabul etmek üçin bilersiňiz.

4-2.jpg

Garramaga garşy doňdurma, gormonlary we dofamini deňleşdirmek üçin menýu ýaly iýilýän gözellik önümleri hem adaty ýagdaýa öwrüler diýip, Deliveroo-nyň futuristik hasabatynda aýdylýar.

Öýüňden çykmazdan meşhur şahslar bilen ýa-da belli we kaşaň ýerlerde wirtual ýa-da giňeldilen hakykatda ýörite naharlar hem adaty ýagdaýa öwrüler.

5-1.jpg

«Şahsylaşdyrylan azyk önümleri eltip bermek hyzmatlary, edil sanly akym platformalarynyň müşderileriň isleýän zatlaryna düşünmek üçin çaklaýyş gurallaryny we maglumatlary analitikasyny ulanşy ýaly, adamlaryň iýmit zerurlyklaryndan agdyk gelip başlar», - diýip Deliveroo-nyň buýurmasy boýunça geçirilen bilermenleriň gözleginiň esasynda düzülen hasabatda bellenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026