Özbegistanda prezident saýlawlary geçirildi


Özbegistan Respublikasynyň häzirki Prezidenti, Telekeçiler we işewür adamlar hereketi - Liberal demokratik partiýasyndan prezidentlige dalaşgär Şawkat Mirziýoýew 9-njy iýulda möhletinden öň geçirilýän prezident saýlawlarynda ses berdi.

Merkezi saýlaw topary 4 syýasy partiýadan dalaşgärleri hasaba aldy. Saýlawlara 47 ýurtdan we abraýly halkara guramalarynyň 15-sinden 749 synçy gözegçilik edýär – diýlip, respublikanyň döwlet baştutanynyň saýtynda habar berilýär.
Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, sagat 17:00-a çenli 13,4 million saýlawçy ses berdi, bu bolsa 69,85% deňdir.
Günüň ikinji ýarymynda Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynda halkara guramalarynyň we daşary ýurtlaryň synçylary, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komitetiniň başlygy Gulmyrat Myradow bilen duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem, saýlawlaryň öňüsyrasynda özbek KHBS-i Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň Döwlet baýdagyny ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe çäklendirmäni aýyrýan kanuna gol çekendigini habar berdiler. Indi döwlet baýdagyny öýde we işde, bezeg hökmünde eşiklerde şekil hökmünde, maşgala we beýleki çärelerde ulanmak bolar.
Ozal Özbegistanyň döwlet tuguny diňe döwlet edaralarynyň binalarynda we diplomatik wekilhanalarynda, ýurduň prezidentiniň we beýleki ýolbaşçylaryň iş otaglarynda, harby birikmelerde, serhet nokatlarynda, sport meýdançalarynda we dabaraly çärelerde, şeýle hem baýramçylyk günleri merkezi köçelerde ulanmaga rugsat berilýärdi.
ORIENT news








